Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1372470
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Prezident Erdogan Gresiýa duýduryş berip, ÝB-niň ikiýüzliligini şeýle gürrüň berdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň partiýasynyň Mejlisdäki toparynyň maslahatynda Gresiýany we ÝB-ni berk tankyt edendigini ýazýar. Gazet Erdoganyň: “Golaýymyzda bosgunlaryň geçmek islegine garşy ÝB 350+350 million ýewro kömek, onuň ýanynda-da “gaýyk, ýarag we goşun ugratmaga taýar” diýýär. Eýsem 10 ýyldan bäri 4 million bosguny kabul eden Türkiýä şeýle goldaw berdiňizmi? Sebäbi ikirjiňli çemeleşýärler. Onuň bir ýüzi ýok, gynansagam birnäçe ýüzi bar. Dogruçyl çemeleşiň” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti: “Çawuşoglundan ÝB-niň wekiline: Indi wagty ýetdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň ÝB-niň Ýokary derejeli wekili Žozef Borrele ÝB-niň immigrantlar meselesinde jogapkärçilikli çemeleşmeginiň wagtynyň ýetendigini aýdandygyny ýazýar. Habarda ministr Çawuşoglunyň aýratynam ÝB-niň Türkiýä bosgunlar boýunça beren sözünde durmandygyny we indi Türkiýäniň ähli jogapkärçiligi öz üstüne almajakdygyny aýdandygy mälim edilýär. 

“Satar” gazeti “Nemes žurnalynyň ýazyjysy: Ýeke-täk ýol Prezident Erdogany goldamak” söz başyly habarynda, Germaniýanyň “Der Şpiegel” žurnalynyň işgäri Maksimilian Poppyň “Bosgunlaryň çekýän kynçylyklaryny ýeňletmegiň ýeke-täk ýoly: ÝB Idlibde Erdogany goldamaly” diýendigine ünsleri çekýär.

“Watan” gazeti “Siriýa serhedindäki depä daşdan ägir uly türk baýdagy” söz başyly habarynda, Türk ýaragly güýçleri tarapyndan başladylan “Bahar galkany” operasiýasyna goldaw bermek isleýän Hataý welaýatynyň Reýhanly etrabynyň Siriýa serhedindäki Jüdeýde etrapçasynyň ýaşaýjylarynyň etrapçadaky belent depä 6 müň parket daşyndan ägir uly türk baýdagyny gurandygyny ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Nebitiň alternatiwi Türkiýeden” söz başyly habarynda, Gebze tehniki uniwersitetiniň inženerçilik fakultetiniň Energetika ulgamlary kafedrasynyň mugallymy dosent Erjan Özdemiriň Koreýanyň ýokary tehnologiýa we ylmy institutynyň alymlary bilen parnik gazlaryny sintetiki ýangyja öwürýän katalizator oýlap tapandygyny okjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar