Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde uly seslenme döredýär

1361616
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: “Çawuşogly: Türkiýe we Russiýa hyzmatdaşlygyny dowam etdirýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, düýn Russiýanyň Izwestiýa gazedine beren beýanatynda, Türkiýe bilen Russiýanyň Idlib meselesi babatynda gutarnykly ylalaşyk üçin hyzmatdaşlyk etmegi dowam etdirýändigini belläp: “Siriýa meselesiniň Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyga täsir ýetirmegine pursat bermeli däldiris” diýendigini aýan edýär.

Sabah gazedi: “Türkiýäniň 3 uly suw howdanynda elektrik tok önümçiligi 106 göterim artdy” söz başyly habarynda, Atatürk, Karakaýa we Keban gidroelektrik desgalarynda 2019-njy ýylda öndürilen elektrik togyň mukdarynyň, 2018-nji ýyla garanyňda 106 göterim köpelendigini beýan edýär. Atatürk, Karakaýa we Keban suw howdanlarynda 2018-nji ýylda 11 milliard 49 million sag/kWt elektrik tok öndürilen bolsa, geçen ýyl şol mukdar 106 göterim artyp, 22 milliard 790 million sag/kWt ýetdi.

Star gazedi: “Italiýadan Türkiýäniň awtoulagyna öwgüli sözler” söz başyly habarynda, Italiýaly kurator Prof. Dr. Luja Molinariniň, Türkiýäniň awtoulagynyň döwrebap we gowy bir dizaýna eýedigini belläp: “Awtoulag daşky gurşawyň hilini artdyrar” diýendigini habar berýär. Molinari, ýerli, milli we milli şahsyýete eýe bolan ähli zadyň birsydyrgyn bolan bir dünýäde ýaşalýandygyny nygtap: “Gowy bir dizaýn we binagärçilik, milletiň we jemgyýetiň şahsyýetini emele getirýär” diýip belledi.

Ýeni Şafak gazedi: “Türkiýäniň 52,4 göterimi bagtyýar, 70 göterimi bolsa umytly” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Hasabat guramasynyň, 2019-njy ýylyň Ýaşaýyşa kanagatlanarlyk habarnamasynyň netijesini çap edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Şoňa laýyklykda Türkiýede bagtyýardygyny beýan eden we 18 ýaş we ondan ýokary bolan adamlaryň sany 2019-njy ýylda 52,4 göterim bolan bolsa, şol döwür aralygynda öz gelejeginden umytly bolan adamlaryň sany 70 göterim hökmünde kesgitlendi.

Watan gazedi: “Adamyň organlarynyň 3D kartasyny çykardy” söz başyly habarynda, Germaniýada ýaşaýan we biotehnologiýa ugrunda iş alyp barýan türk alymy Dr Ali Ertürkiň we toparynyň, adamyň gözüniň we böwreginiň 3D arkaly kartasyny çykarandygyny mälim edýär. Bilim dünýäsinde Ali Ertürkiň işi rak keseline garşy göreşde, organlaryň ýasalmagynda, hat-da beýniniň karta görnüşinde emele getirilmegine goşant goşjak oýlap tapyş hökmünde garalýar.


Etiketkalar: #göterim , #bilim , #gazet

Degişli Habarlar