Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Watan gazedi: “Prezident Erdogan Germaniýa sapar gurar” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň “Berlin Konferensiýasyna” gatnaşmak üçin 19-njy ýanwarda Germaniýanyň paýtagty Berline gitjekdigini habar berýär. Türkiýäniň tagallasy netijesinde Liwiýada gazanylan ylalaşyk bilen Gündogar Ortaýer deňizinde başdan geçirilýän soňky wakalar gün tertipde esasy orun eýeleýär. Konferensiýa gatnaşyjy ýurtlar, ylalaşygyň dowam etdirilmegi we Liwiýa krizisiniň syýasy taýdan çözülmegi meselesini ara alyp maslahatlaşar.

Haber Türk gazedi: “Kanal Stambul taslamasyna daşary ýurtlylaryň gyzyklanmasy” söz başyly habarynda, Aragatnaşyk we infrstruktura ministri Jahit Turhanyň, Kanal Stambuldan geçjek gämilerden alynjak iň pes ýyllyk salgydyň 1 milliard dollar boljakdygyny aýdandygyny mälim edýär. Gollandiýaly, belgiýaly we fransuz firmalaryň Kanal Stambul taslamasy bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny aýdan Turhan, Kanal Stambula näme sebäpli zerurlygyň bardygyny düşündirdi. Turhan, Bosfor bogazynyň halkara deňiz logistikasynda ulanylýan bir liniýadygyny we deňiz hereketlerine ýeterlik derejede däldigini aýan etdi.

Ýeni Şafak gazedi: “12 aýlyk býujetiň artykmaçlygy 2 milliard 725 million dollar boldy” söz başyly habarynda, 2019-njy ýylyň noýabr aýynda 518 million dollarlyk býujet ýetmezçiliginiň bardygy aýdylsada, soňky berilen habarnama laýyklykda býujetiň artykmaçlygy 2 milliard 725 million dollar bolandygyny habar berýär.

Sabah gazedi: “Birža rekorda tarap barýar” söz başyly habarynda, Bazarlarda heçen hepde başlan oňyn habarlaryň gelip gowuşmaga dowam edýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Birža Stambul 2 ýyl arakesmeden soň 120 müňi geçen bolsa, prosent stawka 10,72 göterim bilen 2017-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri iň pes derejä ýetdi.  

Star gazedi: “Söwda ministri Ruhsar Pekjanyň Afrika göçümi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Söwda ministri Ruhsar Pekjanyň, ýanyndaky wekiliýet bilen şu gün Nigeriýa sapar gurap, täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşjakdygyny mälim edýär. Ministr Pekjanyň Nigeriýanyň paýtagty Abudža gurajak saparyna, Afrika ýurtlary bilen söwda we maýa goýum boýunça hyzmatdaşlygy bolan türk işewür adamlar ýoldaşlyk eder. Pekjan Nigeriýa saparyndan soň, 15-nji ýanwarda Marokko-Türkiýe maýa goýum we Iş mümkinçilikleri forumy bilen Marokko-Türkiýe umumy komitediň maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Marokko döwletiniň paýtagty Rabata geçer.


Etiketkalar: gazet , dünýä

Degişli Habarlar