Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1339714
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: “Dolmabahçede möhüm duşuşyk” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň, düýn Liwiýanyň kanuny hökümeti bolan Milli Ylalaşyk hökümetiniň başlygy Faiz As-Sarrajy kabul edendigini habar berýär. Prezidentiň Dolmabahçe köşgündäki ofisinde geçen duşuşukda Liwiýa ylalaşygy we harby hyzmatdaşlyk meseleleri gün tertibe getirildi.

Watan gazedi: “Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Kalyndan Liwiýa bilen bagly beýanat” söz başyly habarynda, Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalynyň, Liwiýada we Siriýanyň Idlib şäherinde od açmazlyk baradaky ylalaşygyň güýje girmeginiň, Türkiýäniň alyp barýan parahatçylyk diplomatiýasynyň anyk bir netijesidigini aýdandygyny habar berýär. Ibrahim Kalyn Twitter hasabyndan beren beýanatynda: “Diplomatiýa bir etapdyr. Maksadymyz, ýurdumyzyň we sebitimiziň parahatçylygyny, howpsyzlygyny, durnuklylygyny we asudalygyny üpjün etmekdir” diýip habar berdi.

Ýeni Şafak gazedi: “Çawuşogly Italiýaly kärdeşi Maio bilen Liwiýa meselesini maslahatlaşdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, Italiýanyň Daşary işler ministri Luigi Di Maio bilen düýn telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Telefon söhbetdeşliginde Ortaýer deňiziniň gündogary we Liwiýadaky soňky ýagdaý maslahatlaşyldy.

Sabah gazedi: “Stambul howa menzilinde ýatag kabinasy hyzmaty başlady” söz başyly habarynda, Stambul howa menzilinde daşary ýurtlardaky aglaba howa menzillerinde bolan ýatag kabinasy gollanmasynyň işlemäge başlandygyny aýan edýär. Stambul howa menziliniň dolanşygy IGA kärhanasy, ýolagçylaryň rahatlyklaryny artdyrmak maksady bilen daşary ýurt terminalyndaky gidýän ýolagçylaryň gatynda İGA Sleepod atly uky kapsulalaryny işletmäge başlady. Kapsulalar ýolagçylara her sagadyna 9 ýewro kireýine berilýär.

Star gazedi: “Tamamlanan mahaly Türkiýäniň iň uzyn tuneli bolar” söz başyly habarynda, Gaziantep-Osmaniýe-Adana ýokary tizlikli otly taslamasynyň Toros daglaryndan geçýän 9 müň 800 metrlik tunel böleginiň gurluşyk işleriniň agramly böleginiň tamamlanandygyny habar berýär. Türkiýäniň iň uzyn demir ýol tuneli boljak bu taslama, 5 sagat 20 minutlyk ýolagçylygy 1,5 sagada çenli azaldar.


Etiketkalar: #Erdogan , #Stambul , #metbugat , #gazet

Degişli Habarlar