Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde uly seslenme döredýär

1327979
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazedi: “Siriýadan gelen migrantlar tolkunyny ähli Ýewropa duýar” söz başyly habarynda,Prezident R. T. Erdoganyň Stambulda Dolmabahçe köşgünde geçirlen Ylymy ýaýbaňlandyryş baýraklarynyň gowşurlyş dabarasyna gatnaşandygyny habar berýär. Türkiýäniň Siriýadan geljek täze göç tolkunynyň hötdesinden gelip bilmejekdigini aýdan Erdogan: “4 milliona golaý adamyň ýaşaýan ýeri bolan Idlibdäki soňky gyrgynçylyklar sebäpli uly göç tolkuny başlaýar. Bombaly hüjümlerden gaçan 80 müňden gowrak Idlibli doganymyz ýurdumyzyň serhetlerine tarap ýola çykdy. İdlibde guralýan hüjümler dowam eden halatynda şol san has-da artar. Türkiýe özbaşyna täze goç tolkunynyň hötdesinden gelip bilmez. Bu ýagdaý Gresiýanyň başda durmagynda Ýewropa ýurtlaryna hem täsirini ýetirer. Biz, Russiýa bilen hüjümleriň bes edilmegi üçin tagalla etmäge dowam ederis. Siriýanyň Idlib welaýatynda başdan geçirilýän soňky wakalary ara alyp maslahatlaşmak üçin şu gün ýörite topar Moskwa gider. Toparyň geçirjek gepleşikleriniň netijelerine görä biz hem anyk kararymyzy beýan ederis” diýdi.

Hürriýet gazedi: “Erdogan: Türkiýe eden ädimlerinden çürt-kesik yza dänmez” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň Siriýada eden ädimlerinden we Liwiýa bilen baglaşylan ylalaşyklaryndan çürt-kesik ýagdaýda yza ädim etmejekdigini aýdandygyny mälim edýär. Erdogan, Gresiýa we ony goldaýan ýurtlar we Ortaýer deňiziň üsti bilen goňşy bolan käbir Arap ýurtlaryň, eýýäm ençeme wagt bäri Türkiýäniň deňize ädim edip bilmez ýaly köp wagtlap taýarlyk görendigini aýan etdi. Erdogan, Türkiýäni Liwiýa bilen deňiziň üsti bilen goňşy eden şertnamanyň gazanylmagy bilen bu oýnalan oýuny bozandyklaryny habar berdi.

Haber Türk gazedi: “Türkiýe Siriýada bar bolşy ýaly Liwiýada hem bar bolmaga dowam eder” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň, Türkiýäniň geçmişde bolşy ýaly şu günki günde hem bigünä we ejir çekýän adamlaryň ýanyndadygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Hulusi Akar: “Şu günki gün Siriýada bolşy ýaly, Liwiýada hem parahatçylyk, asudalyk we howpsyzlyk üpjün edilýänçä çenli liwiýaly doganlarymyzyň ýanynda bolmaga dowam ederis” diýip belledi.

Sabah gazedi: “Türkiýe üçin taryhy gün Piri Reis suwasty gämisi suwa goýberildi” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň Türkiýäniň ilkinji milli deňizasty gämisi Piri Reisiň ulanylmaga berilmegi mynasybetli Kojaeli welaýatyndaky Göljük gämi gurluşyk werfinde geçirlen dabara gatnaşandygyny habar berýär. Prezident Erdogan dabarada eden çykyşynda, Türkiýäniň alyp barýan Gündogar Ortaýer deňizi syýasaty hakynda durup geçdi. Türkiýäniň deňizasty gämileri hakynda hem maglumat beren Erdogan 2022-nji ýyldan başlap her ýyl bir deňizasty gämisiniň ulanylmaga beriljekdigini belledi. Prezident Erdogan “2027-nji ýylda 6 deňizasty gämimiz Deňiz güýçleriniň hatarynda bolar” diýdi.

Ýeni Şafak gazedi: “Türkiýede kruiz syýahatçylygy özgerdiler” söz başyly habarynda, Türkiýäniň soňky wagtlarda Ortaýer deňiziniň kruiz syýahatçylygynyň iň gowy zolagy hökmünde yglan edilip, Ýewropada iň gowy zolak hökmünde saýlanmagyndan we Stambul howa menziliniň işläp başlamagyndan soň, kruiz syýahatçylyk pudagyna daşary ýurtlardan hem uly gyzyklanma bildirilýändigini aýan edýär. Selebrity Kruiz, MSC Kruiz we Selestial Kruiz gämileriniň 2021-nji ýyldan başlap Stambul, Kuşadasy we Izmir ýaly Türkiýäniň ençeme ýerine dowamly gatnawlar başladar. 2021-nji ýylyň ahyrynda bu gämiler 200 müň töweregi syýahatçyny Türkiýä getirer.


Etiketkalar: #Erdogan , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar