Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde uly seslenme döredýär

1326125
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti, “Prezident Erdogan: dikenli simler Ýewropany gorap bilmez diýdi” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, Türkiýäniň bosgunlaryň ýüküni 9 ýyldan bäri özbaşyna çekýändigi hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Günbataryň bolsa mesela diňe howpsyzlyk we öz bähbidi taýdan çemeleşýändigini aýdan Erdogan “Dikenli simler Günbatarly ýurtlary bosgun akymyndan gorap bilmez”diýdi.

“Star” gazeti, “Berger: ÝB-ne agza ýurtlar Türkiýäni takdyr edýär” söz başyly habarynda, ÝB-niň Türkiýe toparynyň başlygy ilçi Bergeriň, Siriýadaky ýagdaýyň kadalaşmagy üçin syýasy krizisiň çözülmegi meselesinde Türkiýe bilen şol bir garaýşa eýedikleri hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Berger “ÝB-ne agza ýurtlar bosgunlara ýer eýeçiligini edýändigi üçin Türkiýä minnetdar” diýdi.

“Hürriýet” gazeti, “Türk Howa Ýollarynyň Osaka saparlary başlaýar” söz başyly habarynda THÝ-nyň Osaka şäherine ýaňadandan uçar saparlaryny guramaga başlajakdygyny ýazýar.

THÝ-nyň Baş müdüri Bilal Ekşi mesele hakynda beren beýanatynda, “2020-njy ýylyň 14-nji aprelinden başlap Osaka hepde-de 4 gün uçar saparlaryny gurarys” diýdi.

“Sabah” gazeti, “Milli sportlar dünýäniň gün tertibinde” söz başyly habarynda, Bütindünýä Etnosport konfederassiýasynyň başlygy Bilal Erdoganyň, Stambulda dowam etdirýän guramanyň dünýäniň çar tarapyndaky halkyň milli sportlar bilen ýakyndan gyzyklanmagy üçin tagalla edýändiklerine ünsi çekendigini belleýär.

Bilal Erdogan “Dünýäde bu ugurda işleýän guramalar bilen ýakyndan gatnaşyk edýäris” diýdi.

Bilal Erdogan Azerbaýjandaky, Türkmenistandaky, Gazagystandaky, Özbegistandaky, Katardaky, Marokko , Günorta Amerika ýurtlaryndaky, İtaliýadaky we Fransiýadaky milli sport çäreleri bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny ýatlatdy.



Degişli Habarlar