Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1325325
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni Şafak gazedi: “Prezident Erdogan: Türkiýe ynsanperwer kömek boýunça dünýäde 1-nji orunda” söz başyly habarynda, Prezident R.T. Erdoganyň Şweýsariýada geçirilen Gobal Bosgun forumynda eden çykyşynda: “BMG-nyň berýän maglumatyna görä, dünýäde iň köp bosguna Türkiýe ýer eýeçiligini edýär. Häzirki wagtda 3,7 million siriýaly bolmak bilen jemi 5 milliona golaý ýerlerinden göçmeli bolan adama ýer eýeçiligini edýäris. Şu günki gün dünýäde 260 milliona golaý bosgun bar. Türkiýe ynsanperwer kömek boýunça milli girdejä görä dünýäniň ilkiji ýurdudyr” diýendigini habar berýär.

Watan gazedi: “ABŞ-ly general öz ýurduny tankyt etdi” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Ýewropa güýçleriniň ozalky serkerdesi Ben Hodgesiň, Resmi Waşingtonyň Siriýa bilen bagly syýasatyny tankyt edip: “ÝPG terror guramasy PKK-nyň bir şahasydyr. Bulary aýry görkezmek tagallalary ynandyryjy bolmady. Gysga möhletlik taktiki bähbitlerimiz üçin DAIŞ-e garşy göreşde täsirli bolanlyklary üçin bu gurama goldaw bermek barada karar kabul etdik. Bu bolsa biz üçin ondan has hem möhüm bolan Türkiýe bilen edilýän strategik gatnaşyklarymyza uly zyýan ýetirdi” diýip mälim etdi.

Sabah gazedi: “Türk inženerler oýlap tapdy. Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň güýjüne güýç goşdy” söz başyly habarynda, Howpsyzlyk güýçleriniň ulanylmagy üçin hödürlenen enjamlara ýaragly dron Songaryň hem goşulandygyny beýan edýär. Milli mümkinçilikler bilen özgerdilen Songar ýaragly dron, ilkinji gezek Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň inwentaryna goşular. Doly ýagdaýda ýüklenen görnüşde howada azyndan 20 minut galyp bilýän enjam, 5,56 kalibrli tüpeňe we 200 oka eýe bolar.  

Star gazedi: “Ilkinji milli raketa öňümizdäki ýylyň tomus paslynda uçurylar” söz başyly habarynda, Prezidentiň Ýanyndaky Goranyş senagaty edarasynyň çäginde döredilen Delta V Emeli hemra tehnologiýalary kärhanasynyň, eýýäm 2 ýyl bäri üstünde işleýän ilkinji milli emeli hemra raketasyny öňümizdäki ýylyň tomus paslynda uçurjakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Delta V Emeli hemra tehnologiýalary kärhanasynyň Baş direktory Arif Karabeýogly, dünýäde deňi taýy bolmadyk raketa dwigateliniň üstünde işleýändiklerini belläp: “Öňümizdäki ýylyň tomus paslynda älem giňişligine uçurarys” diýip belledi.

Hürriýet gazedi: “Türkiýäniň ýyldyzy Anadoly, ekzoplaneta Göktürk boldy” söz başyly habarynda, Halkara Astranomiýa Bileleşiginiň, 100-njy ýyllygynyň çäginde dünýäde başladylan kampaniýanyň çäginde Türkiýe berilen “WASP-52” koly ýyldyza “Anadoly”, ekzoplaneta bolsa “Göktürk” adyny berdi.


Etiketkalar: #gazet , #dünýä

Degişli Habarlar