Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1321452
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: “Erdogan: Nobel öz özüniň abraýyny gaçyrdy” söz başyly habarynbda, Erdogan, 2019 Nobel Edebiýat sylagynyň Srebrenitsa gyrgynçylygyny inkär eden we Serbiýanyň harby jenaýatlarynyň arkasyny tutýan Piter Handke berilmegine nägilelik bildirendigini habar berýär. “Nobel öz özüniň abraýyny gaçyrdy. Meniň üçin hiç hili gymmady ýokdyr” diýen Erdogan, özüne Nobel bilen sylaglandyrmak islän halatlarynda kabul etmejekdigini beýan etdi.  

Star gazedi: “Erdogan: Liwiýa talap eden halatynda esger ugradyp bileris” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň paýtagt Ankaradaky Bilkent uniwersitetinde Adam hukuklarynyň bütin dünýä güni mynasibetli geçirlen maslahata gatnaşandygyny aýan edýär. Maslahatda eden çykyşynda Türkiýe bilen Liwiýanyň arasynda 27-nji noýabrda baglaşylan deňiz ygtyýar giňişliginiň çäklendirilmegi baradaky ylalaşyk hakynda durup geçen Erdogan: “Liwiýa talap etse biz goşun ugradyp bileris” diýdi.

Ýeni Şafak gazedi: “TürkAkym taslamasy ýakyn wagtda işläp başlar” söz başyly habarynda, Russiýadan Türkiýä we Ýewropa tebigy gaz akdyryljak TürkAkym tebigy gaz geçiriji turba taslamasynyň Stmabulda Prezident R.T. Ergoganyň we Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň gatnaşmagynda geçiriljek dabara bilen işläp başlajakdygyny aýan edýär. Açylyş dabaranyň Stambulda Prezident Erdogan we Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň gatnaşmagynda 2020-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda bolmagy meýilleşdirilýär.

Sabah gazedi: “Teknofest 2020 Gaziantepde geçiriler” söz başyly habarynda, T3 Tehnologiýa gaznasy tarapyndan Türkiýede awiasianyň we ylmyň özgermegi üçin gurnalýan Teknofest festiwalynyň 3-njisi bilen bagly Selçuk Baýraktar tarapyndan beýanat berilendigini mälim edýär. Sosial media hasabyndan beýanat beren Baýraktar: “Milli Tehnologiýa göçüminiň festiwaly bolan Teknofest, 2020-nji ýylda Milli Azat edijilik göreşiniň Gazy şäheri bolan Gaziantepde geçiriler” diýip belledi. 2 ýyl bäri yzly-yzyna rekord derejede myhman kabul edýän Teknofest, 2020-nji ýylyň 22-27-nji sentýabr aralygynda Gaziantep şäherinde geçiriler.

Watan gazedi: “Birža Stambuldan rekord üstüne rekord” söz başyly habarynda, Stambul Biržasynyň düýn 109 müň 378 bala çenli ýokarlap, 20 aýyň rekordyny goýandygyny mälim edýär. Analitikler 2018-nji ýylyň aprel aýyndan bäri iň ýokary derejäniň hasaba alynan indeksiň, 111 müň 200 bala ýetip biljekdigini çak edýärler.



Degişli Habarlar