Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogan: Siriýanyň ýerinde gözi bolanlar ol ýerden gitsinler” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdroganyň Türkiýäniň milli howpsyzlygy üçin hiç kimden rugsat soramazdan operasiýa geçirýän ýurtlardan biridigini aýdandygyna ünsleri çekýär. Gazet Siriýadan terrorçylar gidýänçä ol ýerde galmaga dowam etjekdiklerini aýdan Erdoganyň: “Bizin Siriýanyň ýerinde gözümiz ýok, emma gözi bolanlar haýyş edýän ol ýerden gitsin” diýen sözlerini çap edýär.

“Star” gazeti “Türkiýe NATO-nyň maslahatyndan garaşýan netijesini aldy” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Türkiýäniň garşylyklaryna seretmezden ÝPG-niň terror guramasy hökmünde ykrar edilmeginiň öňüni almagy sebäpli Türkiýeniň Baltika ýurtlarynyň täze goranyş maksatnamasyny weto etmekdäki egilşiksiz pozisiýasyny gorap saklamagy bilen başlan NATO-nyň Liderler derejesindäki maslahatyndan Ankaranyň isleýän netijesiniň çykandygyny mälim edýär. Habarda NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenbergeriň okan jarnamasy bilen hyzmatdaşlygyň 2015-nji ýylda çap eden we ÝPG-niň terror guramasydygyny beýan edýän resminama salgylanyp: “Terrorizm ähli görnüşleri we netijeleri bilen ählimize howp salmağa dowam edýär” diýilýän maddanyň goşulandygyny ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe Gündogar Ortaýer deňzinde oýnalýan oýunyň öňüni aldy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Liwiýa bilen gol çekişen deňizdäki ygtyýar giňişlikleriniň çäklendirilmegi baradaky ylalaşyk barada beýanat beren Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmeziň: “Bu ylalaşyk bilen Gündogar Ortaýer deňzinde Türkiýäni oýuna goşmazlyk üçin edilýän başlangyçlaryň öňüni aldyk” diýen sözlerine üns çekilýär.

“Sabah” gazeti “2020 Türkiýe Ýyly” söz başyly habarynda, türk ykdysadyýetindäki ýokary depginli ösüşiň ýerli we daşary ýurtly maýadarlaryň işlegini güýçlendirendigini ýazýar. Gazet ýurtda 2020-nji ýylda ösüş depgininiň ýokarlamagyna we daşary ýurt maýa goýumlarynyň artmagyna garaşylýandygyny mälim edýär. 2018-nji ýylda daşary ýurt maýa goýumlaryny 13 göterim artdyran Türkiýä 2020-nji ýylda 15 milliard dollardan gowrak daşary ýurt maýasynyn gelmegine garaşylýar.

“Hürriýet” gazeti “Dünýäniň iň gelim-gidimli şäherleri yglan edildi” söz başyly habarynda, merkezi Britaniýada ýerleşýän pudaklar, ýurtlar we sarp edijiler boýunça dünýä derejesinde strategik barlaglar geçirýän “Ýewromonitor İnternasionalyň” iň gelim-gidimli şäherler baradaky habarnamasynyň çap edilendigini, habarnamada Türkiýeden Stambulyň we Antalýannyň sanawa goşulandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

 



Degişli Habarlar