Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýär

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: “Çawuşoglyndan Kanal Stambul bilen baglanşykly beýanat: Taryh üýtgär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň: “Kanal Stambulyny gazmaga başlan günümiz, dünýäde deňiz we transport taýdan taryh üýtgär. Öwrülişik nokady bolar” diýendigini habar berýär. Mewlüt Çawuşogly, Antalýa welaýatynyň Alanýa etrabyndaky myhmanhanalaryň birinde geçirilen Adalat we ösüş partiýasynyň Ýaşlar şahasynyň sebitleýin maslahatynda, daşary syýasata täsir ýetirýän elementleriniň arasynda geografiýanyň başda durýandygyny habar berdi.

Sabah gazedi: “Milli Goranmak ministrligi: Terrorçylykly hüjümlere garşy ýol gözegçilik nokatlary dörediler” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi terrorçylykly hüjümlere garşy ýol gözegçilik nokatlarynyň dörediljekdigini habar berdi. Terror guramasy PKK/ÝPG-nyň bombaly ulaglar bilen bigünä adamlary nyşana alyp guran terrorçylykly hüjümlerine garşy ýol gözegçilik nokatlary dörediler. Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, howpsyz zolagyň döredilmeginiň çäginde eli ganly terror guramasy PKK/ÝPG-nyň bombaly ulaglar bilen bigünä adamlary nyşana alyp guran terrorçylykly hüjümleri sebäpli ýol gözegçilik nokatlaryň dörediljekdigi habar berildi. Beýanatda, sebitiň halkynyň asudalygy we howpsyzlygy üçin ähli howpsyzlyk çäreleriniň görüljekdigi aýan edildi. 

Watan gazedi: “Ministrlik mälim etdi. Ýurtdan çykaryldy” söz başyly habarynda, Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, Daşary ýurtly terrorçy söweşijileriň ýurtlaryna iberilmeginiň dowam edýändigini habar berýär. Şol çäkde düýn Irlandiýanyň 1 raýaty öz ýurduna iberilmegi üçin, Türkiýeden çykaryldy.

Star gazedi: “Daşary ýurtly syýahatçy sany 41 milliona golaýlady” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ýylyň ilkinji 10 aýynda geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 14,47 göterimlik artyş bilen 40 million 719 müň 786 daşary ýurtly syýahatçyny kabul edendigini mälim edýär. Türkiýä şu ýylyň ilkinji 9 aýynda 36 million 428 müň daşary ýurtly syýahatçy gelipdi.

Ýeni şafak gazedi: “Daun sendromly türgenimiz Talha Ahmet Erdemden taryhy üstünlik” söz başyly habarynda, Daun sendromlylaryň Bütindünýä Dzýudo çempionatynda türkiýeli türgen Talha Ahmet Erdemiň altyn medal alyp, bu ugurda Türkiýä ilkinji dünýä çempionlygyny alyp berendigini beýan edýär.


Etiketkalar: ÝPG , PKK , ministrlik , metbugat , gazet

Degişli Habarlar