Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1313822
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Trampyň PKK garşylygyna Ankara berk reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň ektremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölegi ÝPG/PÝD-ä berýän goldawynyň NATO-da dartgynlyga sebäp bolandygyny ýazýar. ABŞ-nyň hökümetiniň PKK/ÝPG/PÝD-äni Türkiýä garşy howp hökmünde kabul edýän NATO-nyň maksatnamasyna garşylyk görkezendigi sebäpli resmi Ankaranyň hyzmatdaşlygyň Baltika ýurtlary we Polşa baradaky howpsyzlyk maksatnamasyny tassyklamandygyny ýazýar.

“Star” gazeti “Türkiýe 10 ýylda diýseň güýçlendi” söz başyly habarynda, “Geopolitikal Fatures” firmasynyň esaslandyryjy başlygy we syýasaty öwreniji Jorj Fridmanyň Türkiýäniň 10 ýylyň dowamynda uly güýje eýe bolandygyny aýdandygyna ünsleri çekýär. Gazet Fridmanyň: “Mundan 10 ýyl ozal “Türkiýe, ABŞ we Russiýa bilen şol stoluň başynda oturar we deň söz hukugyna eýe bolar” diýlende oňa ynanmaýardyk. 10 ýyl soň Türkiýe iňňän uly ösüş etdi. Türkiýe indi serhetleriniň howpsyzlygyny üpjün edýär, potensial hyzmatdaşlaryny saýlap alýar” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Ministr Albaýrak: Merkezi bank we döwlet banklary taryhynyň iň uly girdejilerini yglan ederler” söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Berat Albaýragyň: “Merkezi bank we döwlet banklary taryhynyň iň uly girdejisini gazanandyklaryny yglan ederler” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Albaýragyň: “4-nji çärýegiň görkezijileri diýseň oňyn. 4-nji çärýekde garaşylýanlardanam ýokarda, 4-5 göterime barabar ösüş ederis” diýen sözlerine orun berilýär.

“Sabah” gazeti “Halkara kredit derejelendiriş guramalarynyň pikiriçe Türkiue pozitiw öser” söz başyly habarynda, Halkara Pul Gaznasynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy, halkara maliýe guramalary we derejelendiriş guramalary Türkiýäniň 2019-njy ýyly pozitiw ösüş bilen tamamlajakdygyny çaklaýandygyny ýazýar. Gazet önümçilik senagatynda mümkinçilikden peýdalanyş mukdarlary we reel pudagyň ynam indeksi bilen sarp edijileriň ynam indeksiniň pozitiw ösüş üçin esas emele getirýändigine ünsleri çekýär.

“Hürriýet” gazeti “ “National Geographic” 2020-nji ýylda gidiljek iň ajaýyp ýerleri kesgitledi. Sanawda Türkiýeden hem bir ýer bar” söz başyly habarynda, dünýä meşhur “National Geographic” žurnalynyň okyjylary üçin “2020-nji ýylda gidiljek ajaýyp ýerleriň” sanawyny çap edendigini ýazýar. Habarda žurnalyň sanawynda Şanlyurfa welaýatyndaky Göbeklidepäniň bardygyna üns çekikýär. Dünýäniň özboluşlygyny gorap saklan iň gadymy ybadathanasy bolan Göbeklidepe taryh sahnasynda öwrülşik häsýetli açyş hasaplanylýar.



Degişli Habarlar