Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1310671
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni Şafak gazedi: “Akar: 145 km uzynlygynda 30 km çuňlukda howpsyz zolak ýola goýuldy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň, düýn beren beýanatynda, Siriýadaky Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy bilen baglanşykly: “145 km uzynlygynda 30 km çuňlukda howpsyz zolak üpjün edildi. Operasiýa sebitiniň gündogaryndan we günbataryndan wagtal-wagtal hüjümler guralýar. Operasiýanyň çäginde 4 müň 219 ind km ýer bilen 600 ýaşaýyş merkezi gözegçilik astyna alyndy” diýip habar berdi.

Watan gazedi: “Daşary işler ministrliginden grek Premýer ministrine berk reaksiýa” söz başyly habarynda, Türkiýäniň, Gresiýanyň Premýer ministri Kirýakos Miçotakisiň, Türkiýe bilen bagly hakykatlary ýoýup beren beýanatyna berk ýagdaýda reaksiýa bildirendigini mälim edýär. Türkiýäniň Daşary işler ministrligi, Gresiýanyň hökümetini bosgunlaryň içinde ýaşaýan we halkara guramalar tarapyndan bellige alynan ynsanyýetçiliksiz şertleri düzeltmäge, gerek bolan ynsanperwer goldawy alyp bilmeýän bosgunlaryň, bosgunlaryň çagalarynyň we bäbekleriniň erbet şertlerini düzeltmäge we öňüni almaga çagyrdy.

Sabah gazedi: “Erdogandan beýanatlar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň, Türkiýäniň ekerançylykda dünýäde 7-nji, Ýewropada bolsa 1-nji orundadygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Prezident R.T.Erdogan Beştepe Millet maslahatlar we medeniýet merkezinde geçirilen 3-nji Türkiýe Oba we tokaý hojalygy maslahatynda çykyş etdi. Prezident Erdogan: “Funduk, çereşniýa, erik we beýi önümçiliginde dünýäde birinji orunda durýarys. Dünýäniň 195 ýurduna 1690 görnüşli oba hojalygy önümini eksport edýaris” diýdi. Prezident Erdogan dünýä boýunça tohum genetikasy bankynyň esasylaryndan biri 250 müň nusga bilen Ankarada açandyklaryny nygtap: “Tohum eksportumyzy 11 esse artdyryp, 102 müň tonna, eksport girdejimizi bolsa 152 million dollara ýetirdik” diýdi.

Hürriýet gazedi: “Sarp edijileriň ynam indeksi aýan edildi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Hasabat guramasynyň sarp edijileriň noýabr aýyna degişli indeksini çap edendigini aýan edýär. Gurama we Türkiýäniň Merkezi banky tarapyndan sarp edijileriň garaýyşlaryny öwrenmek üçin geçirilen sowalnamanyň netijelerine görä hasaplanan ynam indeksi, noýabr aýynda geçen aý bilen deňeşdirilende 5,2 göterim ýokarlady. Oktýabr aýynda 57 göterime deň bolan ynam indeksi noýabr aýynda 59,9 göterime barabar boldy.

Star gazedi: “Bal eksportyndan 10 aýda 18 million dollarlyk girdeji alyndy” söz başyly habarynda, Dünýäniň dört künjeginde adamlaryň agyzlaryny ballandyrýan türk ary balynyň, ýanwar-oktýabr aýlary aralygynda eksportdan 18 million 406 müň 57 dollar girdeji alandygyny beýan edýär. Türkiýäniň bal eksporty bazaryndaky sanawynda ilkinji oruny eýelän Germaniýa ady agzalan döwürde 5 million 722 müň 981 dollarlyk 1461 tonna ary baly eksport edildi.



Degişli Habarlar