Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: “Prezident Erdoganyň çagyryşyna uly gyzyklanma” söz başyly habarynda, Tokaýçylyk we Oba hojalyk ministrliginiň “Gelejege nepes bol” şygary bilen 28-nji oktýabrda yglan eden 11 million agajyň ekilmegi bilen bagly kampaniýa uly gyzyklanma bildirilýändigini aýan edýär. 11 million 47 müň 430 ýaş nahalyň oturdylmagy bilen bagly maksatnamanyň hötdesinden birnäçe günüň dowamynda gelindi we eýe çykylan ýaş nahalyň sany 12 million 915 müň 319-a ýetdi. Prezident Rejep Taýýip Erdogan, 11-nji noýabr güni sagat 11:11-de ýurdyň ähli ýerinde şol bir wagtyň özünde boljak ýaş nahal ekmek kampaniýasynyň geçirilmegi bilen bagly çagyryşyna uly gyzyklanma bildirilýär.

Ýeni Şafak gazedi: “ANKA howada 26 sagat 30 minut galyp rekord goýdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Milli uçarmansyz howa ulagy ANKA-nyň, 1 günden gowrak uçuş amala aşyrandygyny beýan edýär. 26 sagat 30 minut uçup, täze bir rekord goýan ANKA, gije we gündiz, ýaramaz howa şertlerinde gözegçilik, razwedka, erkin/hereketli nyşananyň anyklanmagy, takyklama, anyklama we yzyna düşmek ýaly wezipeleri ýerine ýetirýär.

Star gazedi: “ABŞ: Türkiýe uçarlarymyzy gözegçilik etmäge başlar” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň sekretary Ellen M. Lordyň, Türkiýäniň Russiýadan satyn alan S-400 howa goranyş ulgamlary bilen ýakyn wagtda sebitdäki uçarlaryny gözegçilik etmäge taýar boljakdygyny habar berýär. Ellen M. Lord, Pentagonda geçirilen brifingde metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi. Lord beren beýanatynda, Türkiýäniň S-400 howa goranyş ulgamyny şu ýylyň ahyryna çenli doly ýagdaýda işletmäge başlamagyna garaşýandyklaryny aýan etdi.

Sabah gazedi: “ÝB: Türkiýäniň ykdysadyýeti gysga möhletde dikeldi” söz başyly habarynda, ÝB-niň 2019 Güýz Ykdysady çaklamalar habarnamasynda, Türkiýäniň ykdysadyýetinde geçen ýyl başdan egçirilen walýuta krizisinden soň maliýe taýdan höweslendirme we eksportdaky artyş bilen birlikde garaşylandan has çalt ýagdaýda dikelmäniň bolandygyny beýan edýär. Habarnamada Türkiýäniň ykdysadyýetiniň 2020-nji ýylda 3,1 göterim, 2021-nji ýylda 3,5 göterim ösüş etjekdigi bellenýär.

Hürriýet gazedi: “Millionerleriň pullary 9 aýda 145,4 milliard lira artdy” söz başyly habarynda, bank hasaplarynda 1 million lira we ondan köp puly bolan adamlaryň sany, 9 aýdan 26 müň 763, jemi pullarynyň sany bolsa 145,4 milliard lira artandygyny nygtaýar. Millionerleriň sany sentýabr aýynyň ahyrynda 206 müň 889, jemi baýlyklary bolsa 1 trillion 255 milliard 273 million lira barabar boldy.


Etiketkalar: ABŞ , metbugat , dünýä

Degişli Habarlar