Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1298441
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Watan gazedi: “Erdogan ministrlere buýruk berdik diýip aýan etdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň düýn Gruziýanyň Premýer ministri Giorgi Gakharia bilen geçiren duşuşygyndan soň beren beýanatyynda, iki ýurdyň Daşary işler ministrlerine berilen buýruk bilen iň gysga wagtda strategik hyzmatdaşlyk geňeşini geçirjekdiklerini aýdandygyny habar berýär. Erdogan strategik hyzmatdaşlygyň diňe iki ýurt üçin däl, eýsem sebit taýdan hem gowy başlangyçlara eýe boljakdygyny beýan etdi.

Hürriýet gazedi: “Daşary işler ministrliginden Fransiýa berk ýagdaýda reaksiýa” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Fransiýanyň Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy bilen bagly kabul eden kararlaryny ýazgarandygyny aýan edýär. Daşary işler ministrliginden düýn berilen beýanatda, Siriýanyň topraklarynda bir terror döwletini gurmak isleýän Fransiýanyň, lapykeçligi netijesinde bu karary alandygyny gowy düşünýändikleri habar berildi.

Sabah gazedi: “Ministr Akardan beýanat” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň, düýn Siriýa serhediniň golaýyndaky harby birikmeleri gözegçilik edendigini mälim edýär. Tel Abýatdaky esgerlere ýüzlenen Akar: “Türkiýäniň terror guramasy DAIŞ-e garşy göreşini görmezlik, sözüň doly manysynda bir körlik, sowatsyzlyk, bir dikdüşdilik. Bu ýerde entek hiç zat gutarmady, islendik pursat bir zatlar bolup biler. Şoňa laýyklykda her kim taýarlykly bolmaly” diýip belledi.

Star gazedi: “Ministr Albaýrak: Inflýasiýa boýunça ilkinji gezek 5 göterimden aşak düşeris” söz başyly habarynda, Gazna we Maliýe ministri Berat Albaýragyň, düýn Malatýa Işewür adamlaryň duşuşygynda eden çykyşynda: “Täze ykdysady maksatnamamyz boýunça taryhymyzda, inflýasiýada ilkinji gezek 5 göterimden aşak düşeris” diýip aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Haber Türk gazedi: “Sabiha Gökçen 10 ýylda 240 million ýolagçyny kabul etdi” söz başyly habarynda, Stambulyň Sabiha Gökçen adyndaky halkara howa menziliniň 10 ýylda 240 million  ýolagçy kabul edendigini aýan edýär. Mesele hakynda berlen beýanata görä, 2009-njy ýylyň ahyrynda 6,6 million ýolagçyny kabul eden howa menzili 10 ýylda ýolagçy sanyny 6 esse artdyrdy 2019-njy ýylyň ahyryna çenli howa menziliniň 36 million ýolagçyny kabul etmegi maksat edinilýär. 2009-2015-nji ýyllaryň aralygynda Ýewropanyň iň çalt depginde ösen howa menzili çinine eýe bolan Sabiha Gökçen howa menzili ady agzalýan döwürde onlarça baýragyň eýesi boldy


Etiketkalar: #metbugat , #gazet

Degişli Habarlar