Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1294705
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: “Erdogan: Wagty gelende bu gapylar bosgunlara Ýewropa gapysy açylar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň, Ýewropa Parlamendiniň Baş geňeşinde, Siriýada uçuşa gadagan zolagyň döredilmegi bilen bagly teklibine nägilelik bildirendigini habar berýär. Bu teklibiň Siriýanyň çar tarapyndan ýüz müňlerçe bigünä adamyň Asada tabynlykdaky güýçleriň we beýleki güýçleriň howa hüjümleriniň astynda galýarka gün tertibe getirilendigini aýdan Erdogan, Türkiýede myhman edilen siriýalylaryň Ýewropa geçmekleri bilen baglanşykly: “Gapylary açarys diýen mahalym gaharlanýarlar. Gaharlanmaň, wagty gelende bu gapylaram açylar” diýip nygtady.

Haber Türk gazedi: “Türkiýe: Ýewropa Parlamendiniň pozisiýasyny ret edýäris” söz başylky habarynda, Daşary işler ministrligi: 2019-njy ýylyň 24-nji oktýabrynda, Ýewropa Parlamendinde kabul edilen Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy bilen baglanşykly karar taslamasy üçin: Ýewropa Parlamendiniň Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy bilen baglanşykly pozisiýasyny dolulygyna ret edýäris” diýip belledi. Ministrlik beýanatynda: “Siriýadan gözbaş alýan PKK/PÝD/ÝPG we DAIŞ terror guramalary we bikanun göçe garşy göreş alyp barýan Türkiýä raýdaşlyk görkezmegiň ýerine, bir terror guramasyna hyzmat etmegi we esaslanmadyk öňe sürmelere gulak asmagy saýlap aldy” diýip aýan edildi.

Ýeni Şafak gazedi: “Siriýada stolyň daşynda galan Ýewropa çäresiz” söz başyly habarynda, Siriýada deňagramlyklary üýtgeden Türkiýäniň harby operasiýasyndan soň, ABŞ we Russiýa bilen gazanylan ylalaşyklar bilen deňagramlygyň daşynda galan Ýewropa ýurtlarynyň ýaňadandan gepleşikler geçirmek isleýändigini mälim edýär.  Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasynda Türkiýä garşy pozisiýa eýelän Ýewropa ýurtlary Ankaranyň stolyň başyndaky üstünliginden soň, ilki bilen Prezident Erdogan bilen duşuşmak isländiklerini belläp geçdiler. Soň bolsa Ýewropanyň Howpsyz zolak bilen bagly teklibini goldadylar. Hünärmenlere görä bu tagallalar Siriýa deňagramlygynyň daşynda galan Ýewropa ýurtlarynyň syýasy emeli.

Star gazedi: “Jeffreý: Erdogan çekiliň diýdi, çekildik” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Jeffreýiň, Senatyň Daşary gatnaşyklar komitedinde beýanat berip, Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasynyň üstünde durup geçendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Jeýms Jeffreý, Respublikan partiýanyň senatorlaryndan Rumneý: “Ýagny, Erdogan ABŞ-nyň Prezidentine jaň edip, biz gelýäris, öňümizden çekiliň diýdi we biz hem edil şol wagt çekildik şeýlemi?” soragyna, Jeffreý: “Hawa şeýle diýsek bolar. Yza çekilen harby toparlarymyz, türkleriň girmek islän ýerindedi. Iki odyň arasynda galmazlyk üçin gowy bir göçümdi. ABŞ çekilmedik hem bolsa Türkiýe bu operasiýany geçirerdi” diýip jogap berdi.

Hürriýet gazedi: “Iş orunlary 3 ýylda 3,2 million artar” söz başyly habarynda, Wise-prezident Fuat Oktaýyň, Täze Ykdysady maksatnama laýyklykda, öňümizdäki 3 ýylda 3,2 million adamyň iş bilen üpjün ediljekdigini aýdandygyny habar berdi. Fuat Oktaý, öňümizdäki döwürde hem býujet tertibini tutanýerlilik bilen dowam etdirjekdiklerini we 2022-nji ýylda işsizligi 9,8 göterime çenli aşaklatmagy maksat edinýändiklerini beýan etdi.


Etiketkalar: #Ýewropa , #metbugat , #gazet

Degişli Habarlar