Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1283555
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdogan: Balkan ýurtlary boýunça alynyp barylýan syýasatymyza dini ynançlara esaslanmaýar” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Serbiýanyň “Politika” gazetine beren interwýusynda: “Balkan ýurtlaryndaky taryhy we medeni gatnaşyklarymyza aýratyn uly ähmiýet berýäris. Emma Balkan ýurtlary boýunça syýasatymyza dini ynançlara esaslanmaýar” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Erdoganyň: Balkan ýurtlarynyň haýsynda bolandygyna garamazdan ähli halklary; serp, boşnýak, alban, horwat tapawut goýmazdan aslyrlarça bilelikde ýaşan, gelejekde-de ähli ugurda hyzmatdaşlyk etjek dostlarymyz hökmünde görýäris” diýen sözelerine ünsleri çekýär.

“Haber Türk” gazeti “Türkiýe Siriýanyň demirgazygynda howpsyz zolak döreder” söz başyly habarynda, Siriýanyň demirgazygynda howpsyz zolagyň döredilmegi üçin täze bir tapgyra geçilendigini mälim edýär. Habarda ABŞ-nyň Türkiýäniň gurajak operasiýasyna goldaw bermejekdigini beýan edendigini, Prezident Erdoganyň bolsa operasiýa boýunça ygrarlylygyny nygtap: “Bir gije duýdansyz gelip bileris” diýendigini ýazýar.

“Watan” gazeti “Günorta-gündogar welaýatlarda nebit, Trakiýa sebitinde tebigy gaz tapyldy” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmeziň Türkiýäniň diňe bir denizlerde däl, gury ýerdede nebit we tebigy gaz gözleg işlerini dowam etdirýändigini nygtap, Günorta-gündogar Anadoly sebitinde nebit känleriniň bardygyny anyklandyklaryny, olar barada giňişleýin maglumatyň beriljekdigini, Trakýa sebitinde bolsa tebigy gaz tapandyklaryny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star”gazeti “Goranyş we awiasiýa pudagynyň eksporty 1,9 milliard dollara deň boldy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň goranyş we awiasiýa pudagynyň ýylyň 9 aýyndaky eksportynyň 2018-nji ýylyň degişli döwrüne görä 37,7 göterim ýokarlandygyna ünsleri çekýär. Gazet şeýlelikde pudagyň bellenen döwürde edilen iň ýokary eksport mukdaryna eýe bolandygyny ýazýar.

“Sabah” gazeti “Etnosporta milliondan gowrak adam gatnaşdy” söz başyly habarynda, Bütindünýä etnosporet konfederasiýasynyň Stambulyň Atatürk adyndaky howa menzilinde guran 4-nji Etnosport medeniýet festiwalyna halkyň uly gyzyklanma görkezendigini mälim edýär. Habarda 4 gün dowam eden fesitwala 1,2 million adamyň barandygyna üsleri çekýär.  



Degişli Habarlar