Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1279426
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni Şafak gazedi: “Erdogan Waşington Posta makala ýazdy: Türkiýe, Kaşykçy jenaýatynyň öwrenilmegi baradaky işini dowam etdirer” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň Türkiýäniň Saud Arabystanly žurnalist Jemal Kaşykçy jenaýatynyň ähli taraplaýyn öwrenilmegi baradaky işlerini dowam etdirjekdigini aýdandygyny habar berýär. Erdogan Amerikan "The Waşington Post” gazetine ýazan makalasynda, şol gazetiň žurnalisti Kaşykçynyň 2018-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda ýurdunyň Stambul şäherindäki Başkonsullygynda öldürilmegi wakasy barada durup geçdi. Erdogan “Kaşykçynyň öldürilmegi 11-nji sentýabrdaky terrorçylykly hüjümden daşary 21-nji asyryň iň uly we jedelleşikli wakalaryndan biri hasap edilip bilner. 11-nji sentýabrdaky hüjümden soň hiçbir waka halkara ulgama şeýle wehim salmadyk bolsa gerek” diýdi. Erdogan Türkiýe hökmünde Kaşykçy jenaýatynyň öwrenilmegi baradaky işlerini dowam etdirjekdiklerini nygtady.

Watan gazedi: “Ministr Berat Albaýrak, 3 ýyllyk täze Ykdysady maksatnamany aýan etdi” söz başyly habarynda, Gazna we Maliýe ministri Berat Albaýrak, düýn Täze Ykdysady maksatnama bilen bagly beýanat berendigini mälim edýär. Ministr Albaýrak, Täze Ykdysady maksatnamanyň şu ýylky esasy temasynyň “Çalşyk başlaýar” diýip aýan etdi. Täze maksatnamada inflýasiýa maksatnamasy 2019-njy ýyl üçin 12 göterim, 2020-nji ýyl üçin 8,5 göterim, 2021-nji ýyl üçin 6 göterim, 2022-nji ýyl üçin 4,9 göterim hökmünde kesgitlendi. Ýurdyň ösüş maksatnamasy bolsa 2019-njy ýyl üçin 0,5 göterim, soňky 3 ýyl üçin bolsa her ýyl üçin 5 göterim hökmünde kesgitlendi.

Hürriýet gazedi: “THÝ-den Gündogar Ýewropa we Balkan ýurtlaryna arzanladyş kampaniýasy” söz başyly habarynda, Türk Howa ýollary tarapyndan Gündogar Ýewropa ýurtlaryna we Balkan ýurtlaryna syýahat etjek bolan ýolagçylar üçin arzanladyş kampaniýasynyň başladylandygyny beýan edýär. Çäkli ýagdaýda boljak kampaniýanyň çäginde Gündogar Ýewropa we Balkan ýurtlaryna 119 dollardan başlaýan bahalar bilen uçup bolar.

Sabah gazedi: “Türkiýe ilkinji 8 aýda 31 milliondan gowrak daşary ýurtly syýahatçyny kabul etdi” söz başyly habarynda, Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň görkezijilerine görä, awgust aýynda Türkiýä daşary ýurtly 6 million 307 müň 508 syýahatçy geldi. Türkiýä 8 aýda gelen syýahatçy sany geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 14,72 göterim artyp 31 million 1396 adama ýetdi. Türkiýä iň köp syýahatçy ugradan ýurtlaryň sanawynda 1 million 78 müň 904 adam bilen Russiýa 1-nji, 713 müň 527 adam bilen Germaniýa 2-nji, 421 müň 466 adam bilen Britaniýa 3-nji orny eýeleýär

Star gazedi: “Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň inwentaryna milli lazer ýaragy ARMOL hem goşuldy” söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warankyň, düýn Twitter hasabyndan beren beýanatynda, milli lazer ýaragy ARMOL-yň synaglary üstünlikli ýagdaýda geçip, Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň inwentaryna goşulandygyny habar berdi.


Etiketkalar: #Erdogan , #Watan , #gazet , #Star

Degişli Habarlar