Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1278756
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: “Erdogan: Öz harby uçarymyza gowuşjak wagtymyz golaýlady” söz başyly habarynda, Prezident R.T. Erdoganyň, F-35 harby uçarlary babatynda ABŞ bilen başdan geçirilen dartgynlygyň üstünde durup geçip, Türkiýäniň ýerli önümçilige ähmiýet bermäge başlandygyny aýdandygyny habar berýär. Türkiýäniň goranyş senagaty ugrunda eden işleriniň özygtyýarlylyga we geljege has ynamly bakmagy üpjün edendigini aýdan Erdogan: "Taslama hyzmatdaşy bolan F-35 uçarlary babatynda başdan geçirilenler, biziň bu ugurdaky tutanýerliligimizi has hem artdyrdy. Nähili uçarmansyz howa ulaglarymyzy, ýaragly uçarmansyz howa ulaglarymyzy, emeli hemralarymyzy özgerdip uçuran bolsak, nesip bolsa şolar ýaly edip öz harby uçarlarymyza hem ýeteris" diýdi. 

Sabah gazedi: “Türkiýäniň täze milli harby gämisi TJG Kynalyada” söz başyly habarynda, Türkiýäniň täze milli harby gämisi TJG Kynalyadanyň Prezident R.T. Erdoganyň gatnaşmagynda geçirilen dabara bilen Harby-deňiz güýçlerine gowşurylandygyny aýan edýär. 4-nji we soňky synp korwet gämisi  TJG Kynalyada gämisinde dünýäniň iň gowusy diýip bilinýän ýerli we milli “Atmaja” raketasy we HAWELSAN tarapyndan özgerdilen Tor goldawly harby dolanşyk ulgamy “Advent” ilkinji gezek ulanylýar.

Star gazedi: “Türkiýe saglygy goraýyşda nusga ýurt” söz başyly habarynda, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň bosgunlaryň saglyk ýagdaýlary bilen bagly çap eden habarnamasynda Türkiýe barada öwgüli sözler ulanandygyny mälim edýär. 13 müň resminamanyň gözden geçirilip taýarlanan habarnamada, Türkiýäniň 4 million bosguna deň we ýokary hilli hyzmat hödürleýändigi aýan edildi. Ýewropada bolsa diskriminasiýa sezewar bolýan bosgunlar saglygy goraýyş babatynda doly ýagdaýda hyzmat alyp bilmeýärler.

Hürriýet gazedi: “Bogaziçi maslahatyna 90 ýurtdan 3 müň myhman” söz başyly habarynda, şu ýyl 10-njy gezek gurnaljak bolýan we Prezidentiň hemaýatkärlik etmeginde 26-28-njy noýabr aralygynda geçiriljek Bogaziçi maslahatyna rekord derejede gatnaşygyň boljakdygyny beýan edýär. Maslahaty gurnaýan Halkara Hyzmatdaşlyk platformasynyň esaslandyryjysy Jengiz Özgenjil, giden ähli ýurtlarynda Türkiýä uly gyzyklanma bildirýändiklerini we Türkiýäniň ýaňadandan işewür adamlaryň radaryna düşendigini aýan etdi. Ýanwar aýyndan bäri 20-den gowrak ýurtda duşuşyklar geçirendiklerini aýdan Özgenjil: “Geçirilen duşuşyklarda daşary ýurtlarda Türkiýä bolan gyzyklanmanyň ýaňadandan janlanandygyny anyk ýagdaýda gördük” diýip habar berdi.

Star gazedi: “Ýewropaly syýahatçylar Stambuly doldurdy” söz başyly habarynda, Ýewropaly we ýapon syýahatçylaryň Stambula gaýdyp gelmekleri bilen awgust aýynda Stambulda myhmanhanalaryň dolulyk derejesiniň 90 göterime çenli ýokarlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Syýahatçylaryň sanyndaky artyş esasan hem Uzak Gündogar ýurtlaryna edilen goşmaça uçar saparlary täsirli boldy. Soňky aýlarda esasan hem Ýaponiýadan, Hytaýdan we Hindistandan gelen syýahatçylaryň sanynda artyş bellige alyndy.

Ýeni Şafak gazedi: “Türkiýäniň 2023-nji ýyldaky Syýahatçylyk strategiýasy aýan edildi: 75 million syýahatçy maksat edinilýär” söz başyly habarynda, Syýahatçylyk pudagynyň wekilleriniň ünslerini Türkiýäniň 2023-nji ýyl 75 million syýahatçy maksadyna tarap gönükdirendiklerini mälim edýär. Ortaýer deňizi Syýahatçylyk myhmanhanalary we dolandyryjylary Bileleşiginiň başlygy Erkan Ýagjy: “2023-nji ýylda 75 million syýahatçy syýahatçy maksatnamasy, Türkiýe taýdan hakykata bap gelýän we ýetip boljak bir maksatnama. Biz hem bu ugurda edýän işlerimiz bar” diýip belledi. Ýagjy, kesgitlenen strategiýalaryň çäginde esasan hem tanyşdyrylyş ugrunda dowam etdiriljek işlerimiz bilen bu maksada ýetip biljekdiklerini habar berdi.


Etiketkalar: #Star , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar