Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: “Ministr Akardan howpsyz zolak bilen bagly beýanat” söz başyly habarynda, Ministr Akar 2019-2020 Uçuş tälim ýylynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Baş ştabyň başlygy we harby goşunlaryň serkerdeleri bilen İzmiriň Çigli etrabyndaky 2-nji Esasy harby howa bazasyna bardy. Hormat garawuly tarapyndan garşylanandan soň bazanyň işgärlerine ýüzlenip çykyş eden ministr Akar, Siriýanyň demirgazygynda terror koridorynyň açylmagyna ýol bermejekdiklerini ýene-de bir gezek beýan etdi. ABŞ bilen Howpsyz zolagyň döredilmegi boýunça alynyp barylýan işler barada-da durup geçen Akar; “Bize berilen sözleriň iş ýüzüne geçirilmegi bilen ýakyndan gyzyklanýarys. Bize berilen sözler haýsydyr bir görnüşde berjaý edilmän halatynda, Türk ýaragly güýçleriniň, Türkiýe Döwletiniň ikinji, üçünji meýilnamalary bar. Biz şolary iş ýüzüne geçirmäge taýar. Gerek bolan halatynda Hormatly Prezidentimiziň beýan edişi ýaly öz göbegimizi özümiz keseris” diýdi.

Watan gazedi: “Ministr Albaýrak inflýasiýa bilen bagly beýanat berdi” söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Berat Albaýragyň, awgust aýynda inflýasiýanyň peselendigini belläp: “Öndüriji baha indeksindäki görkezijileriň peselişi, umumy inflýasiýanyň peselmegini üpjün edýär. Inflýasiýa garşy göreş we düýpli ösüş syýasatlarymyz bilen ähli ugurlarda şu ýylky maskatlarymyza ýeteris” diýip nygtady.

Hürriýet gazedi: “THÝ-den bilet kampaniýasy” söz başyly habarynda, Türk howa ýollarynyň Stambul howa menzilinden Beýik Britaniýa, Irlandiýa, Russiýa, Norwegiýa, Şwesiýa, Daniýa, Finlýandiýa, Litwa, Latwiýa we Estoniýa ýaly ýurtlardaky 26 aýry nokada bilet kampaniýasynyğ bardygyny habar berýär. Kampaniýanyň çägindäki biletleriň bahasy 164 dollardan başlaýar. Çäkli sandaky arzanladyşdan peýdalanmak isleýän adamlar, 3-13-nji sentýabr aralygynda alan biletlerini,  2019-njy ýylyň 3-nji sentýabryndan 2020-nji ýylyň 20-nji maýyna ulanyp bilerler.  

Star gazedi: “Şimşeke daşary ýurtda ilkinji wezipe” söz başyly habarynda, TUSAŞ kärhanasy tarapyndan oýlanyp tapylan Şimşek ýokary tizlikli nyşanaly uçar ulgamy, ilkinji gezek daşary ýurtda ulanylar. Şimşek ýokary tizlikli nyşanaly uçar ulgamy, 11-nji sentýabra çenli dowam etjek Harby hyzmatdaşlyk-2019 atly harby türgenleşikde nyşana astyndaky uçar hökmünde ulanylmak üçin Gazagystana iberildi.

Haber Türk gazedi: “Kuşadasyna 3 kruiz gämisi bilen 4 müň 230 ýolagçy geldi” söz başyly habarynda, Kuiz syýahatçylygynyň möhüm merkezlerinden biri bolan Aýdyn welaýatynyň Kuşadasy etrabyna düýn 3 gämi bilen 4 müň 230 ýolagçynyň gelendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Bagama adalary baýdagyny göterýän “Marella Discovery” gämisi 2 müň 850 ýolagçysy, Maltanyň baýdagyny göterýän "Celestyal Olympia" gämisi 1 müň 674 ýolagçysy we Bagama adalarynyň baýdagyny göterýän "Seven Seas Voyager" gämisi bolsa 706 ýolagçy bilen Kuşadasy Egeý portyna geldi. Gämilerden düşen aglabasy amerikaly syýahatçylar, awtobuslar bilen Efes gadymy şäherine we Merýem Ene ýadygärligine syýahat etdiler.


Etiketkalar: THÝ , gazet , metbugat

Degişli Habarlar