Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1253320
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Çawuşogly howpsyzlyk zolak barada beýannama berdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Siriýanyň demirgazygynda ABŞ bilen howpsyz zolak boýunça gazanylan ylalaşyk barada: “Trampyň 20 mil sözi bar. Bu taýdaky maksat “Howpsyz zolakdan” terror guramasy ÝPG/PKK-nyň çykarylmagy. ABŞ ýarag kömegini bermäge dowam edýär. İçgin çemeleşsinler we güýmeme tapgyryna Türkiýäniň geçirimlilik etmejekdigine düşünsinler” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Älemgoşar depeleri” daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni çekýär” söz başyly habarynda, Ygdyrda ýerleşýän seýrek gabat gelýän tebigy gözelliklerden biri bolan “Älemgoşar depelerine” daşary ýurtly syýahatçylaryň uly gyzyklanma bildirýändigini ýazýar. Gazet Tuzluja etrabynyň günbatarynda müňlerçe inedördül metr meýdandaki “Älemgoşar depeleriniň”; gyzyl, goňur, çal we sary reňkli toprağy bilen görülmäge mynasyp gözelligiň emele gelýändigine ünsleri çekýär.

“Hürriýet” gazeti “äpet gämi Kuşadasyna 3100 syýahatçy getirdi” söz başyly habarynda, Aýdyn welaýatynyň Kuşadasy etrabyna gelen Gollandiýa degişli kruiz gämisindäki 3100 syýahatçynyň folklor topary tarapyndan garşy alynandygyny mälim edýär. Gazet uzynlygy 296, giňligi 38 metre we agramy 99,5 müň grosstonna barabar barabar bolan gäminiň 1200 adamdan ybarat ekipažynyň bardygyny ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Ýüzlerçe müň adam bardy” söz başyly habarynda, Burdur welaýatynda ak gumagy, dury suwy we gök reňki bilen “Türkiýäniň Maldiwi” atlandyrylýan Salda kölüne gurban baýramynda müňlerçe syýahatçynyň barandygyny mälim edýär. Gazet ýylyň başyndan bäri 600 müňden gowrak syýahatçyny kabul eden Salda kölüniň indi syýahatçylaryň üns merkezine öwrülendigine ünsleri çekýär.

“Star” gazeti “Rumyn aýdymçysy Otilia Bruma: Türkiýe meniň ikinji watanym” söz başyly habarynda, rumyn aýdymçysy Otilia Brumanyň Türkiýäni we Bodrumy diýseň halandygyny belläp: “Türkiýe meniň ikinji watanym” diýendigini ýazýar. Habarda Bodrumda konsert beren Otilianyň aýdymlary bilen ýerli we daşary ýurtly myhmanlaryň göwnünden turandygy nygtalýar.



Degişli Habarlar