Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1247941
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni Şafak gazedi: “Prezident Erdogan: Ýewfradyň gündogaryna gireris” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň, Ýewfrat derýasynyň gündogarynda operasiýa geçiriljekdigi aýdandygyny habar berýär. Erdogan: “Afrine, Jarablusa, El-Baba girdik. Indi bolsa Ýewfradyň gündogaryna gireris. Biz muny Russiýa we ABŞ-e aýtdyk” diýdi.

Sabah gazedi: “Boýun egen PKK-lylar: Gurama goşulýanlar lapykeçlige ugraýar” söz başyly habarynda, Howpsyzlyk güýçlerine boýun egen PKK-ly 2 terrorçynyň guramanyň, ýaşlary öz hataryna almak üçin biri-birinden tapawutly wadalar berip propogandalar geçirýändigini, psihologik täsir ediş ýollaryna ýüz tutýandygyny, emma guramanyň düzümine goşulan ähli ýaşlaryň lapykeçlige ugraýandygyny, guramanyň hakyky ýüzüni görýändiklerini we ilkinji mümkinçilikde gaçmak üçin tagalla edýändigini mälim etdiler.

Hürriýet gazedi: “Ol ýurtdan gelenler rekord goýdylar. Sanlary milliona ýetdi” söz başyly habarynda, Syýahatçylykda şu ýyl rekordlar goýýan Antalýa, ýanwar-iýul aýlary aralygynda geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 16 göterimlik artyş bilen daşary ýurtly 8 million 193 müň 924 syýahatçyny kabul etdi. Şol döwür aralygynda iň köp syýahatçy ugradan ýurtlaryň sanawynda Russiýa 1-nji, Germaniýa 2-nji we Ukraina 3-nji boldy.

Star gazedi: “Meşhur milliarder Jeff Bezos lýuks ýahtasy bilen Göçekde” söz başyly habarynda, Amazon kärhanasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezosyň Bodrum, Datça we Marmarisiň Selimiýa diýilen ýerleriniň suw giňişliklerinde dynç alan 'Flying Fox' atly ýahtasy, Fethiýe etrabynyň Göçek syýahatçylyk zolagyna bardy. Germaniýanyň firmasyna degişlidigi aýdylýan we gündelik kireýiniň 400 müň ýewrodygy mälim bolan ýahtada Bezosyň dynç alýandygy mälim edildi.

Haber Türk gazedi: “Çakabeý Googlyň Bütindünýä Bilim sylagyny Türkiýä getirdi” söz başyly habarynda, Google tarapyndan geçirilen we 120-den gowrak ýurtdan wekilleriň gatnaşan onlaýn bilim sergisi Google Ylmy sergide, global derejede berilýän 5 sylagyň birine Izmirden 11-nji synp okuwçysy Tuan Dolmeniň laýyk görülendigini habar berýär. Dolmeniň oýlap tapan agaçlaryň titreýişlerini energiýa çeşmesine öwürýän ulgamyna “Scientific American Innovator” sylagy berildi.


Etiketkalar: #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar