Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1246909
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazedi: “Terror guramasy PKK-nyň içinde howsala: Ýeňil bolýan bolsa gel özüň et” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň geçirýän Penje-1 we Penje-2 operasiýalary bilen birlikde üstünlikli ýagdaýda geçirilýän howa operasiýalarynyň netijesinde PKK/KJK terror guramasynyň kyn ýagdaýdadygyny we bu ýagdaýyň terror guramanyň ýolbaşçylarynyň berýän buýruklaryndan hem bilip bolýandygyny beýan edýär. Guramanyň agzalary öz ýolbaşçylaryna: “Oturan ýeriňizden berýän buýruklaryňyz özüňize ýeňil, geliň sizem edip görüň” ýaly jogaplar berip, närazylyklaryny beýan edýän bolsalar, guramanyň içindäki gorky we howsala bilen birlikde logistik zerurlyklar hem dolulygyna togtap barýar.  

Ýeni Şafak gazedi: “Ýer reýestrligi we kadastr edarasy 5 ýurtda wekilhana açýar” söz başyly habarynda, Ýer reýestrligi we kadastr edarasynyň Baş direktory Mehmet Zeki Adly: “Aralarynda Fransiýa, Belgiýa we Arap ýurtlary hem bolan jemi 5 ýurtda wekilhana açýarys. Galan ýurtlar bilen baglanşykly işlerimiz dowam edýär. Mundan beýläk jaý satyn almak isleýänler Türkiýä gelmekleri hökman däl. Olar öz ýaşaýan ýurtlarynda satyn almak we satmak işlerini ýerine ýetirip bilýärler” diýip nygtady.

Sabah gazedi: “Stambul-Izmir awtoýoly 2 gün soň açylar” söz başyly habarynda, Stambul bilen Izmiriň arasyndaky 8,5 sagatlyk ýoly 3,5 sagata çenli azaltjak Stambul-Izmir awtoýolunyň 192 km bölegi, Prezident R.T. Erdogan tarapyndan 4-nji awgustda açylar.

Watan gazedi: “Türk restoranyň müdüri, müşderini ölümden halas etdi” söz başyly habarynda, Britaniýanyň paýtagty Londonda bir türk restoranyň müdüri Jem Janpolat, müşderiniň bokurdagynda galan nahar bölegini bir hereketde çykaryp, müşderiniň janyny halas etdi. Müşderiniň janyny halas eden Janpolat, Britaniýanyň metbugatynda gün tertibe geldi.

Hürriýet gazedi: “Soňky 3 ýylda gelen syýahatçylaryň sany 85 göterim artdy” söz başyly habarynda, Kappadokiýa gelen syýahatçylaryň sany 2019-njy ýylyň ilkinji 6 aýynda soňky 3 ýyl bilen deňeşdirilende 85 göterim artyp, 1 million 250 müňe ýetdi. Kappadokiýa iň köp syýahatçy Aziýa ýurtlaryndan geldi. Kappadokiýa ýylyň ahyryna çenli 3 million syýahatçynyň gelmegine garaşylýar.


Etiketkalar: #kadastr , #restoran , #metbugat

Degişli Habarlar