Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1246172
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: “2019-njy ýylda Dünýäniň iň güýçli goşunlary aýan edildi” söz başyly habarynda, Halkara harby güýçleriň maglumatlaryny ýygnaýan Global Fire Power tarapyndan 2019-njy ýylyň 2-nji çärýegine degişli harby güýji iň ýokary bolan ýurtlar aýan edildi. Şoňa laýyklykda Türkiýäniň goşuny dünýäniň iň güýçli goşunlary sanawynda ilkinji orunlarda. Türkiýäniň sanawdaky ornuny kesgitleýän iň möhüm faktor bolsa operasiýalarda tehnologiýany iň täsirli ýagdaýda ulanmagydygy mälim edildi.

Star gazedi: “Ýüpek Ýoly demir tor bilen deňize ýetdi” söz başyly habarynda, Izmit aýlagyndaky DP World porty 1 kilometrlik demir ýol bilen Kars-Tbilisi-Baku liniýasynyň üsti bilen Hazar deňizine, ol ýerden bolsa Hytaý bilen birikdi. Transport we infrastruktura ministri Jahit Turhan: “Bu ýerine ýetirilen iş, hususy pudagymyz taýdan ýurdumyz üçin möhüm bir göçüm” diýdi.

Watan gazedi: “1915 Çanakgala köprüsi dünýäniň iň ulusy bolar. Önümçiligine başlandy” söz başyly habarynda, Karabük Demir we polat fabrigi (KARDEMİR), gurulyp tamamlanan mahaly dünýäniň iň uly asma köprüsi boljak, reňkleri, figuralary we beýleki aýratynlyklary bilen Simwollaryň köprüsi boljak 1915 Çanakgala köprüsiniň enjamlarynyň önümçilgine başlanandygyny habar berdi.

Ýeni Şafak gazedi: “Älem hukugy Türkiýede maslahatlaşylar” söz başyly habarynda, älem derňewlerini çuňlaşdyran Türkiýe, 23-26-njy sentýabr aralygynda älem hukugy ugrunda geçiriljek möhüm bir halkara konferensiýa ýer eýeçilgini eder.

Hürriýet gazedi: “4-nji Dreamliner geldi. Ikisi angarda garaşýar” söz başyly habarynda, Türk Howa ýollarynyň Boeing 787-9 Dreamliner kysymly uçaryny aldy. Täze Dreamliner uçary, THÝ-nyň 341-nji uçary bolar. Amerikanyň Sietl şäherindäki gowşurylyş dabarasynda çykyş eden THÝ-nyň Metbugat sekretary Ýahýa Üstün: “Dünýäniň iň ýaş flotyna eýe bolan howa ýollary kärhanasy hökmünde, ösmäge dowam edýäris” diýip belledi.


Etiketkalar: #flot , #hukuk , #gazet

Degişli Habarlar