Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1238764
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “İsmail Demir: “Türkiýe mejbur bolmasa daşary ýurtlardan enjam almaz” söz başyly habarynda, Goranyş senagaty guramasynyň başlygy İsmail Demiriň F-35 maksatnamasy bilen bagly dartgynlyk baradan beren beýanatynda Türkiýä gol çeken ylalaşyklarynyň arkasynda durýandygyny nygtap: “Türkiýe indi mejbur bolmasa daşardan hiç zat almaz. Öz milli we ýerli senagatyny goldar” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Peskow: Türk aşpezleriniň gutaby iňňän süýji” söz başyly habarynda, Kremliň Metbugat sekretary Dmitriý Peskowyň S-400 goranyş ulgamynyň getirilmeginden soň dünýäniň iň uzyn gutabyny bişiren bursaly gutapçy Hasan Ajaryň Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin üçin bişiren gutabyny ugratmagyndan iňňän hoşal bolandyklaryny aýdandygyny ýazýar. Gazet Peskowyň: “Türk aşpezleriniň gutaby diýseň süýji. Emma onuň nähili ugradyljakdygyny bilemok” diýen sözlerini çap edýär.

“Sabah” gazeti “Dünýäniň gün energiýasy bilen işleýän elektrik desgasy ulanmaga berildi” söz başyly habarynda, 3,600 gün paneli bilen işleýän desganyň özüne gerek bolan elektrik toguny öndürjekdigini mälim edýär.

“Hürriýet” gazeti “Milli ýaragly dron “Baýraktar TB2” Kuweýdiň çölünde rekord goýdy” söz başyly habarynda, Milli ýaragly dron “Baýraktar TB2-niň” Kuweýtde ganaşan demo uçuşyndan özüne degişli iň uzak aralyga uçan milli howa ulagy rekorduny geçendigine ünsleri çekýär. Gazet Milli ýaragly dronyň Kuweýtde aşa yssy howa we çöl tupany ýaly agyr howa şertlerinde 27 sagat 3 minut üznüksiz uçup, uly üstünlik gazanandygyny ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Termoýadro reaktoryny dizaýn eden türk fizifi Çernobylda” söz başyly habarynda, öz dizaýn eden termoýadro reaktoryny işletmegiň hötdesinden gelen 18 ýaşly Ateş Fettahoglynyň Ankara uniwersitetiniň guran çäresiniň çäginde 24 alym bilen Türkiýäniň ýaş ýadro fiziği hökmünde Çernobyla barandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar