Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1230636
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “BMG şeýle masgaraçylygyň aşagyna gol goýmaly däl” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň BMG-niň terror guramasy ÝPG/PKK bilen onuň çägindäki çaga söweşijileri boşatmagy bahanasy bilen gepleşik geçirmeginiň we onuň bilen ylalaşyga gol çekişmeginiň kabul edilmesizdigini nygtap: “BMG-niň terror guramasy bilen stoluň başyna oturmağy we resmi dereje berýän ýaly ylalaşyga gol çekişmegi ýönekeýje söz bilen aýdylanda margaraçylyk. BMG şeýle masgaraçylygyň aşagyna gol goýmaly däl” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Türkiýe BMG-niň Ženewadaky ofisine we Şweýsariýanyň degişli edaralaryna protest notasyny berdi” söz başyly habarynda, Türkiýe terror guramasy PKK/PÝD/ÝPG-ä tabyn Siriýanyň demokratik güýçlerine serkerdelik edýän PKK terrorçysy bilen “iş maksatnamasyna” gol çekişilen BMG-niň Ženewadaky ofisine we ýurda barmagyna rugsat beren Şweýsariýanyň degişli edaralaryna protest notasyny berendigini ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe ýaşamak we işlemek üçin amatly bolan 7-nji ýurt” söz başyly habarynda, “ “HSBJ” topary 163 ýurtdan 18 müňden gowrak daşary ýurtly gullukçynyň garaýyşyna laýyklykda geçiren “Expat Explorer” sowalnamasynyň jemlerini çap etdi. Sowalnama ýurtlaryň hödürleýän mümkinçiliklerini ýaşaýyş şertleri, iş-hususy durmuş deňagramlygy, maliýe girdejisi we maşgala durmuşy taýdan seljerýär. Sowalnama görä Türkiýedäki daşary ýurtly zähmet migrantlarynyň 62 göterimi ýaşaýyş şertleriniň öz ýurtlaryna görä ýokarlandygyny beýan edýär” diýip ýazýar. Gazet Türkiýäniň Germaniýadan we Birleşen Arap Emirliklerinden öňe geçendigine ünsleri çekýär.

“Haber Türk” gazeti “Dünýä türk halylaryna isleg bildirýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ýylyň 6 aýynda 177 ýurda 1,17 million dollarlyk haly eksport edendigini ýazýar. Gazetiň mälim etmegine görä haly eksportunda birinji orny ABŞ, ikinji orny Saud Arabystany, üçünji orny bolsa Germaniýa eýeleýär.

“Watan” gazeti “Pamukkelede rekord goýuldy” söz başyly habarynda, Denizli welaýatynyň dünýä meşhur syýahatçylyk merkezi Pamukkalä ýylyň alty aýynda 1 milliondan gowrak adamyň baryp görendigini ýazýar. Habarda şol sanyň ähli döwürler üçin rekord bolup durýandygyny mälim edýär.



Degişli Habarlar