Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1221848
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: “Türkiýeden BMG-nyň Kaşykçy bilen bagly habarnamasyna ilkinji beýanat” söz başyly habarynda, Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, BMG-nyň reportýory Agnes Kallamardyň Saud Arabystanly žurnalist Jemal Kaşykçy bilen bagly jenaýatynyň ýüze çykarylmagyna, jogapkärleriniň hasap bermeli baradaky maslahatlaryny güýçli ýagdaýda goldaýandyklaryny aýdandygyny habar berýär.

Watan gazedi: “Terror guramasyna ýene-de bir zarba” söz başyly habarynda, Içeri işler ministrliginiň Tunjeli welaýatynyň Žandarma serkerdeliginiň welaýat merkeziniň obalyk ýerlerinde howa güýçleriniň goldaw bermeginde geçiren operasiýasynda 3 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berendigini aýan edýär.

Sabah gazedi: “THÝ-nyň döwrebap uçarynyň ilkinji ýazgysy ýüze çykdy” söz başyly habarynda, Türk howa ýollarynyň düýş uçar diýip atlandyrylýan Boeing 787-9 Dreamliner uçarynyň kabinasynyň ýazgysynyň çap edilendigini mälim edýär. 300 ýolagçylyk uçaryň esasan hem business oturgyçlary ünsleri özüne çekdi. Uçar 25-nji iýunda Stambula getiriler. Uçar Türkiýedäki ilkinji uçar gatnawyny  8-nji iýulda duşenbe güni Türkiýäniň ýerli wagty bilen sagat 08:35-de Stambuldan Antalýa amala aşyrar.

Haber Türk gazedi: “Marmarisde kruiz syýahatçylygy” söz başyly habarynda, Malta baýdakly Horizon atly kruiz gämisiniň aglabasy ispaniýaly bolan 1460 ýolagçysy we 615 adamlyk ekipažy bilen Marmarise gelendigini habar berýär. Ýolagçylar gümrükdäki işlerinden soň Marmaris bazaryna, gala we ýahta portyna gezelenç etdiler. Syýahatçylaryň käbirleri kafelerde oturan bolsalar, käbirleri söwda etdiler.

Star gazedi: “Russiýada Türk kinemotografiýa günleri başlady” söz başyly habarynda Russiýada Moskwa Ýunus Emre instituty tarapyndan gurnalan Sankt-Peterburg Türk kinemotografiýa günleriniň başlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Çäräniň çäginde 7 kino film muşdaklara görkeziler.


Etiketkalar: #gazet , #Watan , #dünýä

Degişli Habarlar