Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1205978
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: “Sabiha Gökçende daşary ýurt uçar gatnawlarynyň sany 128-e ýeter” söz başyly habarynda, Stambul Sabiha Gökçen halkara howa menzilinde bu ýylyň tomus aýynda açyljak täze 7 uçar nokady bilen daşary ýurt uçuş nokatlarynyň sanynyň 128-e ýetjekdigini beýan edýär. Stambul Sabiha Gökçen halkara howa menzili tarapyndan berilen beýanata görä, Pegasus howaýollary, 28-nji maýdan başlap Saud Arabystanynyň Riýad şäherine hepdäniň her güni ikitaraplaýyn häsýetde, 29-njy iýundan başlap Gollandiýanyň Eýndhowen  şäherine hepdede 3 gezek, 1-nji iýuldan başlap Britaniýanyň Mançester şäherine hepdede 5 gezek we Italiýanyň Wenesiýa şäherine hepdede 4 gezek, 8-nji iýuldan başlap bolsa Marokkonyň Kasablanka şäherine hepdede 4 gezek uçmaga başlar.

Ýeni Şafak gazedi: “Mawy turlarda dolulyk derejesi 100 göterime ýetdi” söz başyly habarynda, Mawy ýolagçylygyň merkezi bolan Günorta Egeý sebitinde mawy turlarda dolulyk derejäniň 100 göterime ýetendigini habar berýär.

Haber Türk gazedi: “Alibabanyň töleg platformasy Alipaý Türkiýe bazaryna girdi” söz başyly habarynda, Hytaýyň e-söwda ägirdi Alibabanyň kärhanalaryndan biri bolan Alipaýyň Türkiýe bazaryna girendigini mälim edýär. Şonuň üçin täze nesil töleg platformasy Ininal bilen ylalaşan Alipaý, Türkiýede hytaýly syýahatçylara hyzmat bermäge başlady.

Watan gazedi: “Türk howaýollar şu ýyl rekord goýar” söz başyly habarynda, takmynan 66 müň işgäri bolan Türk howaýollar kärhanasynyň, 2019-njy ýylda takmynan 8 müň 430 täze iş ornuny döretmegi meýilleşdirýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Emma Türk howaýollar kärhanasynyň meýilleşdirilenden hem has köp iş orunlaryny döredip, ýylyň ilkinji 5 aýynda 4 müň 600 adamy işe alandygyny aýan edýär. Esasan hem tomus aýlarynyň gelip ýetmegi we Türk howaýollaryna goşuljak täze uçarlaryň hem gelmegi bilen birlikde, täze iş orunlary döredi. Goşmaça täze iş orunlarynyň döredilmegi bilen birlikde bu ýyl rekord goýular. Türk howaýollar kärhanasy bu ýyl 10 müň adamy işe alar.  

Sabah gazedi: “Ara Güleriň suratlary Parižde” söz başyly habarynda, Türkiýe Respublikasynyň Prezident Diwany tarapyndan: Ara Güler muzeýi bilen Arhiw we ylmy-derňew merkeziniň hyzmatdaşlyk etmeginde geçirilen "Ara Güler Sergisi", geçen ýyl ýogalan meşhur fotograf we fotožurnalist Ara Güleriň eserlerini dünýäniň möhüm sungat paýtagtlarynda sergileýär. Aprel aýynda London Saatchi galereýasynda geçirilen we uly gyzyklanma bildirilen Ara Güler sergisi, 23-nji maýda Fransiýanyň paýtagty Parižde Polka galereýasynda sergilener.



Degişli Habarlar