Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1195736
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazedi: “NATO-dan we Türkiýeden yzly-yzyna S-400 bilen bagly beýanat” söz başyly habarynda, NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenbergiň, Türkiýäniň Russiýadan aljak S-400 howa goranyş ulgamy bilen bagly: “Harby enjamlaryň satyn alynmagy, ýurtlaryň milli kararydyr” diýendigini belleýär. Wise-prezident Fuat Oktaý bolsa: “S-400-ler bilen baglanşykly karar berildi. Türkiýe bir şertnama gol çekeninden, söz bereninden soň şol sözünde durar” diýip nygtady.

Haber Türk gazedi: “Ministr Hulusi Akardan Kipr bilen bagly beýanat” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Goranmak ministri Hulusi Akaryň, Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňizinde we Egeý deňizinde halkara hukukdan gözbaş alýan hukuklar bilen birlikde kepil geçýän ýurt hökmünde DKTR-nyň halkynyň hukuklaryny hemişe goramakda we eden-etdiliklere garşy rugsat bermezlikde tutanýerli boljakdygyny aýdandygyny habar berýär.

Hürriýet gazedi: “Kuşadasynda kruiz berekedi” söz başyly habarynda, Gollandiýa we Malta baýdakly 2 sany aýry kruiz gämisiniň, 3 müň 560 ýolagçysy bilen düýn Aýdyn welaýatynyň Kuşadasy etrabyna gelendigini aýan edýär. Egeý Port deňiz menziline gelen Maltanyň "Celestyal Crystal" we Gollandiýanyň "Koningsdam" atly gämilerdäki ýolagçylary halk tanslaryny ýerine ýetirýän topar garşylady. Aglabasy amerikaly bolan ýolagçylaryň bir bölegi gadymy Efes şäherine, Merýem ene we beýleki ýadygärliklere gezelenç eden bolsa, tur programamsyna gatnaşmadyk ýolagçylar bolsa şäheriň merkezine gezelenç etdiler.

Ýeni Şafak gazedi: “Erigiň kişdesinden ilkinji 4 aýda 84 million dollarlyk eksport” söz başyly habarynda, dünýäniň erigiň kişde önümçiliginiň 85 göteriminiň edilýän Malatýa welaýatyndan şu ýylyň ilkinji 4 aýynda 33 müň 910 tonna erigiň kişdesiniň eksport edilip, 84 million 710 müň 900 dollarlyk girdeji alynandygyny beýan edýär. Malatýa welaýatynda geçen ýylyň ilkinji 4 aýynda 29 müň 868 tonna erigiň kişdesi eksport edilip, ondan 85 million 933 müň 507 dollar girdeji alyndy.

Sabah gazedi: “Jüneýit Çakyr Liwerpul-Barselona duşuşygynyň emin agzasy bolar” söz başyly habarynda, ertir 7-nji maýda Liwerpul bilen Barselonanyň arasynda geçiriljek Çempionlar ligasynyň ýarym final duşuşygynda türkiýeli Jüneýit Çakyryň baş emin agza boljakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Britaniýanyň Liwerpul şäherindäki Anfield Road stadionynda Türkiýäniň ýerli wagty bilen sagat 22:00-da geçiriljek duşuşygyň baş emin agzasy Jüneýit Çakyryň kömekçileri Bahattin Duran we Taryk Ongün bolar.


Etiketkalar: #erik , #kişde , #eksport , #Efes , #Kuşadasy

Degişli Habarlar