Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýänin we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1193701
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: “Trampyň Türkiýe sapary gün tertipde” söz başyly habarynda, Prezident Diwany çeşmeleri tarapyndan “ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Türkiýe sapary barada, iýul aýy bilen birlikde biri-birinden tapawutly senenamalaryň üstünde işleýäris” diýip bellenendigi mälim edildi. Senenama kesgitlenen halatynda bu Trampyň Türkiýä gurajak ilkinji sapary bolar.

Star gazedi: “Türkiýe, Siriýanyň demirgazygynyň ähli terror guramalaryndan saplanmagynda tutanýerli” söz başyly habarynda, Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalynyň, ABŞ-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Jeýms Jeffri bilen paýtagt Ankarada duşuşandygyny habar berýär. Türkiýäniň milli howpsyzlygynyň ileri tutýan ugurlarynyň açyk ýagdaýda nygtalan duşuşykda, Ýewfrat derýasynyň gündogarynda we Siriýada terrora garşy göreş, howpsyz zolak, Manbij meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi, Idlib ylalaşygynyň goralmagy, Siriýanyň territorial bütewiliginiň çäginde syýasy çözgüde ýetilmegi we Siriýanyň ýaňadandan dikeldilmegi meseleleri gün tertibe geldi.

Ýeni Şafak gazedi: “Erdogan, musulman bolan aýdymçy Della Milesi gutlady” söz başyly habarynda, Prezident R.T. Erdoganyň Zenanlar we demokratiýa gaznasy KADEM-iň Stambulda geçirilen maslahatyna gatnaşandygyny beýan edýär. Gazet Erdogan bilen aýaly Emine Erdoganyň, musulman bolan we Stambulda ýaşaýan Della Milesi hem maslahata çagyrandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Erdogan Della Milesi musulmanlyga geçendigi üçin gutlady.

Watan gazedi: “Antalýa gelen syýahatçylaryň sanynda rekord” söz başyly habarynda, Antalýanyň syýahatçy sany boýunça soňky ýyllaryň iň ýokary derejesine ýetendigini beýan edýär. Esasan hem aprel aýynda turistleriň sanynda garaşylmadyk görkeziji boldy. Ýylyň ilkinji 3 aýynda 571 müň 207 syýahatçynyň gelen şähere, diňe aprel aýynyň ilkinji 29 gününde 905 müň 322 syýahatçy geldi. Garaşylandan has köp bolan görkeziji syýahatçylyk pudagynyň wekillerini hem haýran galdyrdy. Syýahatçylyk pudagynyň wekilleri aprel aýyndaky artyşyň Pasha baýramy sebäpli bolandygyny belleýärler.

Hürriýet gazedi: “THÝ Ýewropa ligasynda 2 türk komandasy Dört komandanyň finalynda” söz başyly habarynda, THÝ-nyň Ýewropa ligasynyň play-off çärýek finalynyň 5-nji we soňky duşuşygynda Anadolu Efes komandasy öz meýdançasynda Ispaniýanyň Barselona Lassa komandasyndan 80-71 hasabynda üstün çykyp, Ispaniýanyň Vitoria-Gasteiz şäherinde geçiriljek Dört komandanyň finalyna gatnaşmaga hukuk gazanandygyny mälim edýär. 7-19-njy maý aralygynda geçiriljek Dört komandanyň finalynyň ilkinji gününde iki türk komandasy Fenerbahçe Beko we Anadolu Efes komandalary, soňky çempion bolan Real Madrid we Russiýanyň wekili SSKA Moskwa komandalary bilen bäsleşerler. Bu duşuşykda üstün çykan toparlar 19-njy maý ýekşenbe güni finalda çempionlyk, ýeňilenler bolsa 3-nji orun üçin bäsleşerler.



Degişli Habarlar