Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýänin we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1191839
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni Şafak gazedi: “Syýahatçylykda 35 milliard dollardan gowrak daşary ýurt walýutanyň girmegine garaşylýar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Syýahatçylyk agentlikleri bileleşiginiň başlygy Firuz Baglykaýanyň: “Maksat edindigimiz 50 million syýahatçy derejesine nesip bolsa ýeteris. Pudakda 35 milliard dollardan gowrak daşary ýurt walýutanyň girmegine garaşylýar. Pudak 2018-nji ýyly üstünlikli ýagdaýda ýapdy we 2019-njy ýyla şol bir tizlik bilen başlady, ilkinji aýda 7,4 göterimlik artyş boldy. Türkiýede deňiz, gum we gün syýahatçylygy 6-7 aýa çykdy. Saglygy goraýyş we medeniýet syýahatçylygynda bolsa bu dereje 10-12 aýa ýetýär” diýendigini mälim edýär.

Hürriýet gazedi: “Ukrainaly syýahatçylaryň sanynda uly artyş” söz başyly habarynda, Ukrainanyň Stambuldaky Baş konsuly Oleksandr Gamanyň, Ukrainadan Türkiýä gelýän syýahatçylaryň sanynda dowamly häsýetde bir artyşyň bardygyny belläp: “Stambul ukrainaly syýahatçylar üçin has hem aýrylmaz bir zolaga öwrülip barýar. Bu ýyl Stambula gelen syýahatçylaryň sanynyň artjakdygyny pikir edýärin” diýendigini belleýär. Garaşsyz Ukraina Ortodoks buthanasynyň gurulmagy, Aýasofiýa muzeýi üçin ukrain dilinde audiogidiň taýýarlanmagy, Dolmabahçe köşgi we beýleki möhüm ýerler üçin hem taýýarlanmaga dowam edilmegi ukrainaly syýahatçylaryň sanynyň artmagyny üpjün eder.

Star gazedi: “Türkiýäniň Yragyň raýatlary üçin ýola goýan wizasy hemişelik däl” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, Türkiýe bilen Yragyň arasyndaky wiza gollanmasynyň hemişelik bir gollanma däldigini aýdandygyny habar berýär. Yraga sapar guran Çawuşogly, bu ýurtda işler ýoluna giden mahaly wiza gollanmasynyň hem ýaňadandan gözden geçiriljekdigini aýan etdi.

Watan gazedi: “Dünýäde deňi-taýy ýok, örän gymmat” söz başyly habarynda, Tokat welaýatynda bir kolleksioneriň seýrek gabat gelýän eserleriň arasynda bolan zümerret daşynyň ýüzünde Isgender Zülkarneýiniň portrediniň çekilen altyn ýüzügiň bahasynyň örän gymmatdygyny beýan edýär. Gadymy Grek döwrüne degişlidigi çak edilýän ýüzüge bu motiwiň nädip çekilendigi baradaky soragyň jogaby entek tapylmady. Hünärmenler metaly 21,5 karat altyn, daşy tebigy zümerret daş bolan eseriň, şu günki döwrebap tehnologiýalar bilen hem ýasap bolmaýan mahaly, mundan 2 müň ýyl ozalky döwürde nädip ýasalandygy baradaky sorag jogaplanmadan galýandygyny belleýärler.

Haber Türk gazedi: “Ýazyşma ulgamynda ýerli gollanma” söz başyly habarynda, Türkiýäniň telekomunikasiýa operatory Türk Telekom, ýerli ýazyşma ulgamyny taýýarlandygyny beýan edýär.


Etiketkalar: #metbugat , #zümerret

Degişli Habarlar