Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar
Watan gazedi: “Terror guramasyna Penje zarbasy” söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministrliginiň Yragyň demirgazygyna guralan howa hüjüminde, ekstremist terror guramasy PKK-nyň gyzyl sanawdaky liderlerinden Mehmet Soýsüreniň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berýär. Milli Goranmak ministrligindan berilen beýanatda operasiýada 20-ä golaý nyşananyň ýok edilendigi mälim edildi.
Haber Türk gazedi: “Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý: Ruslaryň köňlüni gazandyk” söz başyly habarynda, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nury Ersoýyň, Moskwadaky Bolşoý teatrda sahnalaşdyrlan Truwa operasynyň ruslaryň göwnünden turandygyny aýdandygyny beyan edýär. Ministr Ersoý, Russiýanyň paýtagty Moskwadaky Bolşoý teatrda Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda yglan edilen “2019 Türkiýe-Russiýa Medeniýet we syýahatçylyk ýylynyň çäginde sahnalaşdyrlan Truwa operasyndan soň metbugata beýanat berdi. Bolşoý teatrda Truwa operasynyň ör turlyp alkyşlanylmagyndan hoşaldyklaryny aýdan Ersoý, 2019 Türkiýe-Russiýa Medeniýet we syýahatçylyk ýylynyň çäginde dürli medeni çäreleriň geçiriljekdigini belledi. Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nury Ersoý Medeniýet ýylynyň çäginde Moskwada “Muhteşem Ýüzýyl” serialynda ulanylan egin eşikleriň sergilenmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Ministr Ersoý “2019 Türkiýe-Russiýa Medeniýet we syýahatçylyk ýyly Stambul Perada rus sergisi bilen dabaraly ýagdaýda ýapylar”diýdi.
Hürriýet gazedi: “Türk işi doňdurma filmi daşary ýurtlarda” söz başyly habarynda, Çanakgala söweşi zamanynda Awstraliýada ýaşaýan 2 türkiň öz ýurtlary üçin göreşi temaly Türk işi doňdurma filminiň, Ýewropada kino muşdaklar bilen duşuşjakdygyny aýan edýär. Hakykatdan hem bolup geçen wakadan ylham alynyp taýýarlanan filmiň režissýory Jan Ulkaý. Film 11-nji aprelde Germaniýa, Awstriýa, Belgiýa, Daniýa, Gollandiýa we Fransiýada görkezilmäge başlanar.
Sabah gazedi: “THÝ Stambul howa menzilinde düýn 103 müň 850 ýolagça hyzmat berdi” söz başyly habarynda, Türk howaýollarynyň Stambul howa menzilinde düýn 103 müň 850 ýolagça hyzmat berendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. THÝ-nyň Baş direktory Bilal Ekşi beren beýanatynda, THÝ-nyň Stambul howa menzilinde, düýn 294 uçmak, 271-i gonmak bilen jemi 565 uçar saparynyň amala aşyrylandygyny habar berdi. Ekşi: “Jemi 103 müň 850 ýolagça hyzmat berdik. Gowy barýarys, has hem gowy bolar” diýip belledi.
Star gazedi: “Antalýada 3 müň 600 ýyllyk gäminiň galyndylary tapyldy” söz başyly habarynda, Antalýada 3 müň 600 ýyllyk içinde guýma misler bolan 14 metrlik gäminiň Bürünç eýýama degişli adaty söwda gämisidigi çak edilýär. Antalýanyň gubernatorlygy tarapyndan berilen maglumata görä, Kiprdäki magdanlardan çykarylan we b.e. öň 16-njy ýa-da 15-nji asyra degişlidigi çak edilýän guýma misler bolan gämi, ol ýerden Krit ýa-da Egeý kenaryndaky bir porta giden mahaly tupana sezewar galyp, batandygy pikir edilýär.