Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1177591
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Türkiýäniň F-35 we S-400 beýannamasy” söz başyly habarynda, harby çeşmeleriň F-35 harby uçarlarynyn enjamlarynyň Türkiýä gowşurulyşynyň saklanandygy baradaky habarlar barada enjamlaryň gowşurlyş möhleti boýunça ABŞ bilen gepleşikleriň hem-de utgaşyklygyň dowam edýändigini, şeýle-de uçarmanlaryň tälimleriniň hem dowam edýändigini mälim edendiklerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet beýannamada Russiýadan alynjak S-400 howa goranyş ulgamynyň gowşurylmagy barada bolsa kesgitlenen möhlediň üýtgemändigine, işleriň meýilleşdirilişi ýaly dowam edýändigine, haýsydyr bir bökdençligiň bolmandygyna üns çekilýändigini ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Eksportda mart aýynyň çempiony awtoulag senagaty” söz başyly habarynda, mart aýynda eksportyň 0,5 göterim ýokarlap, 16,3 milliard dollara barabar bolandygyny mälim edýär. Habarda eksportda mart aýynyň çempionynyň awtoulag senagaty bolandygy nygtalýar. Awtoulag senagatynda geçen aý 2,88 milliard dollara barabar eksport edildi.

“Sabah” gazeti “Öwüşginli karnawal başlady” söz başyly habarynda, 7-nji Apelsin güli karnawalynyn düýn “Aprelde Adanada” şygary bilen başlandygyny ýazýar. 7-nji aprel ýekşenbe güni tamamlanjak festiwalyň çäginde geçiriljek100-den gowrak çärä 1,5 million adamyň gatnaşmagyna garaşylýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Ankara Halkara film festiwaly başlaýar” söz başyly habarynda, Ankara Halkara festiwalynyň 30-njysynyň üstümizdäki aýyň 18-28-i aralygynda geçiriljekdigini ýazýar. Gazet dünýä kinosyndan saýlama eserleriň görkeziljek festiwalynda 10 günüň dowamynda 120-ä golaý kino-filmiň halka görkezilmegine garaşylýandygyny okyjy köpçüliginin dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “UEFA Super gubok finaly 2019-njy ýylyň 14-nji awgustynda Stambulda geçiriler” söz başyly habarynda, Ýewropanyň Futbol federasiýalary bileleşiginiň üstümizdäki ýylyň 19-njy awgustynda Stambulda geçiriljek 2019 UEFA Super kubogynyň taýarlyklarynyň çäginde bäsleşikleriň geçiriljek ýeri bolan Stambul “Wodafone Parkdaky” dördünji maslahatyny gurandygyny mälim edýär. Gazet maslahatda “Wodafone Parkyň” bäsleşige çenli şertleriniň gowulandyryljakdygyny, žurnalistler, ýaýlym organlary üçin ýörite ýerleriň taýarlanjakdygyny ýazýar. 



Degişli Habarlar