Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1163324
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: “Erdogan: Eý Netanýahu özüňe gel, sen zalymsyň” söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, özüni diktator diýip tankyt eden Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netenýaha berk reaksiýa bildirendigini habar berýär. Gazet Erdoganyň Beştepe Millet kongres we medeniýet merkezinde Türkiýäniň Diýanat gaznasy tarapyndan geçirilen “V Halkara Ýagşylyk sylaglary” programamsynda gatnaşanlara ýüzlenip çykyş edendigini belleýär. Habarda Prezident Erdoganyň: “Ysraýylly esgerleriň kameralaryň öňünde öldüren palestinaly ýaş gyzlaryň, maýyplaryň, ýaşyly adamlaryň dramalaryna iň kiçijek hem duýgurlyk görkezmediler. Inede Netanýahu, Taýýip Erdoganyň ýurdynda žurnalistler tussaghanada, şol sebäpli örän biynjalyk bolýar. Netanýahu sen zalymsyň, zalym. Häzirki wagtda Ysraýylda saýlaw bar diýip tussaghanalardaky müňlerçe çagany, zenany, ýaşuly adamlary tussaghanada saklaýan sen dälmi? Olara zulum edýän sen dälmi? Eger dünýäde bir zalym gözlenýän bolsa, ol hem hut sensiň. Utanman, ýadaman gürleýärsiň. Häzirki wagtda biziň dini ýerlerimize, Aksa Metjidine aýakgaplar bilen girenler, seniň esgerleriň, seniň polisiýaň dälmi? Ol ýerde dini adamlarymyzy ýenjen siziň esgerleriňiz, siziň polisiýaňyz dämi? Muny nädip düşündirersiň? Bu tussaghanadaky birnäçe žurnaliste meňzemez, muny hiç wagt düşündirip bilmersiň. Bizi öjükdirmäge synanyşýan bolsaň, biz öjükmeris. Sebäbi biz ähliumumy diniň agzalarydyrys” diýip belländigi ýazylýar.

Star gazedi: “Kalyn: Ýalanlar we basyş eden etmişleriňizi örtüp bilmez” söz başyly habarynda, Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalynyň Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahuýa “Ýalanlar we basyş, eden etmişleriňizi örtüp bilmez” diýendigini malim edýär. Habarda Ibrahim Kalynyň Twitter arkaly beren beýantynda Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahunyň Prezident R. T. Erdogan hakynda aýdan sözlerine berk garşylyk görkezendigi aýdylýar. Gazet Kalynyň “Netanýahu araplar we musulmanlar hakynda rasist beýanatlar berenden soň onuň syrlaryny paş eden Prezident Erdogana garşy tutum alyp barýar. Onuň dolandyrýan aparteid döwleti Palestinany basyp alyp zenanlary we çagalary öldürýar. Ýalanlar we basyş, eden jenaýatlaryňyzyň üstünü örtüp bilmez” diýendigini aýan edýär.

Ýeni Şafak gazedi: “Daşary işler ministrliginden Ýewropa Parlamendine reaksiýa” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň ÝP-e reaksiýa bildirendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Türkiýe Ýewropa Parlamenti tarapyndan kabul edilen 2018-nji ýylyň Türkiýe bilen bagly  habarnamasyna hiç hili ähmiýet bermeýändiklerini aýdandygyny belleýär. Habarda Türkiýäniň Daşary işler ministrligi mesele bilen bagly beren beýanatynda: “Ýewropa Parlamenti tarapyndan kabul edilen birtaraplaýyn we obýektiwlikden uzak pozisiýa, biz tarapyndan ähmiýet berilmegi mümkin däldir” diýip nygtandygy mälim edilýär. Beýanatda: “Ady agzalan kararyň biz üçin hiç hili manysy ýok. Ýewropa Parlamentiniň Türkiýe bilen bagly pozisiýasy, Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklary, özara gatnaşygy we dialogy özgertmek bolmaldyry” diýip habar berildi.

Sabah gazedi: “Türkiýeden Ýewropa 14 müň tonna lawr ýapragy eksporty” söz başyly habarynda, Lawr ýapragynyň we ýagynyň Germaniýa, Italiýa, Fransiýa, Ispaniýa we Gollandiýa başda bolmak bilen Ýewropanyň tapawutly ýurtlaryna eksport edilendigini habar berýär. Muglanyň Oba-hojalyk we tokaý edarasynyň müdüri Şakir Fyrat Erkal: “Türkiýede 2018-nji ýylyň hasabatyna görä, 14 müň tonna lawr ýapragy eksportyndan 40 million dollar girdeji alyndy. Şonuň 1 müň tonnasy Mugla tarapyndan üpjün edildi” diýip habar berdi.

Hürriýet gazedi: “Ruslaryň 91 göterimi Türkiýä syýahatçylyk maksatly gelýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Syýahatçylyk agentlikleri bileleşigi tarapyndan taýýarlanan Russiýanyň Syýahatçylyk bazar habarnamasyna görä, geçen ýyl ruslaryň 91 göteriminiň Türkiýä syýahatçylyk maksatly gelendigini mälim edýär. Hasabata görä Türkiýe ruslar üçin iň möhüm dynç alyş zolagy bolmagy aýratynlygyny 2018-nji ýyldada dowam etdirdi. Geçen ýyl Türkiýä gelen syýahatçylaryň sany, taryhynyň iň ýokary derejesi bolan 5 million 964 müň 613-e ýetdi.



Degişli Habarlar