Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1162545
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Star” gazeti “London bilen Pekini birleşdirdik” söz başyly habarynda Türkiýäniň iň uly transport taslamalaryndan biri bolan Gezbe-Halkaly şäherara otly liniýasynyň dabaraly ýagdaýda açylandygyny habar berýär.

Prezident R. T. Erdogan “Otly liniýasy bogazdan Marmaraý bilen geçýär. Londondan ýola çykan otly bu ýerden Pekine çenli gidip biler. İki materigi relýesli ulgam bilen birleşdirdik” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýe ýokary girdejili rus syýahatçylar üçin amatly merkez bolar” söz başyly habarynda ýokary girdejili ruslaryň Ýewropa gitmegiň ýerine Türkiýä gelmekleri üçin edilýän tagallalaryň depgininiň güýçlenendigini habar berýär. Şol çäkde Türkiýedäki esasy guramaçylyklarda Russiýa abraýly myhman bolar. Russiýadan Stambula we beýleki şäherlere guralýan uçar saparlarynda business klass ulgamyna geçiler. Syýahatçylyk litseýlerinde okaýan okuwçylara rus dili öwrediler.

“Watan” gazeti “TANAP-dan gelen gaz 4 milliard kub metre çykarlar” söz başyly habarynda, Azerbaýjanyň tebigy gazyny Türkiýeden üstaşyr Ýewropa ýetirjek Trans Anadoly tebigy gaz turba geçirijisi taslamasy TANAP bilen 2018-nji ýylyň iýun aýynyň 30-dan 2019-njy ýylyň fewral aýynyň 28-ne çenli Türkiýä jemi 1 milliard 250 million kub metrlik gaz akdyryldy. Geçirijiden iýun aýynyň ahyryna çenli 2 milliard kub metrlik, 209-njy ýylyň ahyryna çenli hem 4 milliard kub metrlik gazyň akdyrylmagy meýilleşdirilýär.

“Sabah” gazeti “Latynlaryň Türkiýä bolan gyzyklanmagy Türk Howa Ýollaryny uçurdy” söz başyly habarynda Türkiýä gelen Latyn Amerikalylaryň sanynyň geçen ýyl 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende 59 göterim artyp 252 müň adama ýetendigini ýazýar.

Braziliýadan Türkiýä gelenleriň sany geçen ýyl 58 göterim artyp 78 müň 691 adama ýetdi.

Ynanç syýahatçylygy üçin Türkiýä gelýänleriň sanynyň artmagy, Türk Howa Ýollarynyň hem Latyn Amerika ýurtlaryndan uçýan ýolagçy sanyny hem artdyrdy. THÝ-nyň Latyn Amerika guran uçar saparlary geçen ýyl 6,5 göterim artdy. THÝ geçen ýyl 403 müň ýolagçy gatnadan bolsa şol san üstümizdäki ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 21,1 göterim artyp 70 müň 679 ýolagça ýetdi.



Degişli Habarlar