Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1160766
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: “Türkiýe gök we miwe önümlerini iň köp Russiýa satdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň 2019-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlary aralygynda 100 ýurda jemi 365 million 662,8 müň dollarlyk gök we miwe önümlerini eksport edendigini habar berýär. Gazet ady agzalan döwürde 104 million 533 müň dollarlyk gök we miwe önümleriniň eksporty bilen Russiýanyň ilkinji orundadygyny beýan edýär. Russiýadan soň, 34 million 84 müň 400 dollar bilen Yrak we 33 million 105 müň 975 dollar bilen Rumyniýa gelýär.

Watan gazedi: “Ynam berkedi, daşary ýurt maýasy ýolda” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ykdysadyýetine garşy geçen ýylyň awgust aýynda guralan walýuta kursy hüjümlerinden soň, görülen çäreler bilen inflýasiýanyň peselendigini, býujetiň artandygyny, prosent stawkalaryň azalandygyny mälim edýär. Ýerli we daşary ýurtly maýadarlar herekete gaçdi. Obligasiýa eksportlaryna 3 esse köp talap geldi. Biržada 2 aýda 1 milliard dollarlyk söwda boldy. Merkezi bankyň ätiýajy 22-nji fewral-1-nji mart aralygynda 394 million dollar artyp, 100 milliard 65 million dollara ýetdi.

Hürriýet gazedi: “18-nji mart golaýlaşyp gelýärkä, täzelenen taryhy bilen Çanakgala” söz başyly habarynda, şu günler ýaz paslynyň iň gowy pursatlaryny başyndan Çanakgalanyň, 18-nji mart Çanakgala Ýeňiş baýramynyň 104 ýyllygyna taýýarlanýandygyny aýan edýär. Gazet myhmanlaryň beýleki ýyllardan tapawutlylykda 5 aý ozal açylan Troýa muzeýine, abatlaýyş işleri tamamlanan Hamidiýe gorganyny we Seddülbahir galasyna baryp görüp bilýändiklerini belleýär.

Ýeni Şafak gazedi: “100 million syýahatçy üçin medeni turizm” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Syýahatçylyk pudagy boýunça medeni göçüme taýýarlanýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi Anadolynyň medeniýetlerini we gymmatlyklaryny daşary ýurtlarda geçiriljek çärelerde ulanar. Türkiýäniň şol çäreler we şol göçümler bilen dynç almaga geljek adamlaryň sanyny uzak möhletde 100 million syýahatça ýetirmegi meýilleşdirýär. Ministrlik şol maksat bilen Türkiýäniň medeni gymmatlyklaryny orta çykarar. Her welaýatyň medeni gymmatlyklary öň hatara çykarylar. Gizlin galan medeni barlyklar syýahatçylar bilen tanyşdyrylar.

Star gazedi: “Stambulyň howa ýollarynyň ýolagçy sany 2 aýda 15 milliondan geçdi” söz başyly habarynda, şu ýylyň ilkinji 2 aýynda Stambuldaky howa menzillerinden hyzmat alan ýolagçylaryň sany geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 216 müň 490 adam artyp, 15 million 285 müň 517 adama ýetendigini habar berýär. 2019-njy ýylyň ýanwar we fewral aýlarynda, Türkiýedäki howa menzillerini ulanan ähli ýolagçylaryň takmynan 57 göteriminiň Stambuldaky howa menzillerini ulanandygy görülýär.


Etiketkalar: #metbugat , #gazet , #Star , #Watan

Degişli Habarlar