Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1158064
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: “Reýter Dünýä şular ýaly aýan etdi: Türkiýede ilkinji gezek” söz başyly habarynda, Britaniýanyň Reýter habarlar agentliginiň, Respublikanyň taryhynyň iň uly harby türgenleşigi bolan we 103 gäminiň gatnaşan Mawy Marmara türgenleşiginiň suratlaryny dünýä bilen paýlaşandygyny habar berýär. Habarda Harby-deňiz güýçleri tarapyndan Türkiýäniň 3 tarapyny gurşap alýan 3 aýry deňizde şol bir wagtda geçirilen türgenleşigiň, Izmir welaýatynyň Foça etrabyndaky bölümindäki ssenariýde duşman territoriýasyna amfibi harby ulaglarynyň çykarylmagynyň üstünde işlenendigi bellenýär. Reýter türgenleşigiň suratlaryny dünýä bilen paýlaşdy. Suratlarda goşunda ilkinji gezek ulanylan ýerli ok-därileri hem görüp bolýar.

Ýeni Şafak gazedi: “TEKNOFEST-e rekord derejede ýüz tutma” söz başyly habarynda, şu ýyl geçiriljek bolýan Stambul Awsiasia, kosmos we tehnologiýa festiwaly TEKNOFEST-e uly gyzyklanma bildirilýändigini mälim edýär. TEKNOFEST-iň çäginde geçiriljek bolan ýaryşlara ýüz tutan adamlaryň sany geçen ýyla garanyňda 3 esse köp. Festiwala gatnaşjak toparlaryň sany 6 müň 774-e ýetdi. Festiwalda adamlaryň bähbidine boljak tehnologiýa ýaryşy, raketa ýaryşy, söweşjeň uçarmansyz howa ulaglary ýaryşy we uçýan ulag ýaryşlary geçiriler.

Star gazedi: “Dünýäniň iň ýeňil mina datçigini Türkiýe öndürdi” söz başyly habarynda, türk inženerler tarapyndan howpsyzlyk güýçleriniň zerurlyklaryna laýyklykda dolulygyna ýerli bolan dünýäniň iň ýeňil mina datçiginiň oýlanyp tapylandygyny beýan edýär. OZAN diýip at berilen we 1 kg 800 gr agyrylygynda bolan datçik operasiýanyň geçirilýän ýerlerinde bolan harbylaryň zerurlyklaryna laýyklykda ýasaldy.

Hürriyet gazedi: “Dünýädekäň dadyp görülmeli iň gowy türk datlysy” söz başyly habarynda, habar saýty INSIDER-iň dünýäniň çar tarapyndan datly söýüjileriniň ýaşaýarka dadyp görmeli datlylarynyň sanyny taýýarlandygyny habar berýär. Anadolunyň her ýerinde, esasan hem Stambulyň çar tarapyndan satylýan Lokma datlysy INSIDER tarapyndan taýýarlanan sanawa girdi. Lokmalaryň daşy gytyrdaýan, içi bolsa şokoladly ýa-da mandarin sously. Lokmanyň üstüne süýt, gara şokolad, tahin, toşap, karamel, funduz, hoz, badam, damja sakgyç, guradylan mandarin, kokos sepilip biliner. Ýagda bişirilýan, üstüne bolsa gowy edip  şerbet guýulýan meşhur datlyny iýen adamlar, sosial mediadan öz tejribelerini paýlaşmagy ýatdan çykarmaýarlar.

Haber Türk gazedi: “Şenol Günel mart aýynda Türkiýäniň Milli ýygyndysynyň başynda” söz başyly habarynda, 2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda Türkiýäniň Milli Futbol ýygyndysynyň başynda boljak Şenol Güneşiň, Türkiýäniň ýygyndysynyň 22-25-nji mart aaýynda Albaniýa we Moldowa bilen geçirjek duşuşyklarynda hem toparyň başynda boljakdygyny aýan edýär. Tejribeli adam möwsümiň ahyryna çenli Beşiktaş futbol toparyndaky işini hem dowam etdirer.


Etiketkalar: #dünýä , #gazet

Degişli Habarlar