Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1157086
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdogan: terrorçylar nirä gitselerem kowalarys” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Türkiýäniň soňky ýyllarda terrorçylyga garşy göreşde üstünlikli netijeler alýandygyny aýdandygyny ýazýar. Gazet Zonguldak welaýatynda halka ýüzlenip çykyş eden Erdoganyň ýurduň içinde we daşarynda ekstremist terror guramalaryna garşy berk çäre görýändiklerini nygtap; “Biz olary kowalarys, olar gaçar. Nirä gitseler gitsinler, yzyndan galmarys. Olar meniň halkymy biynjalyk edip bilmezler” diýen sözlerini çap edýär.

“Star” gazeti “Türkiýe iki Koreýanyň arasyndaky maslahatlara ýer eýeçiligini edip biler” söz başyly habarynda, Günorta Koreýanyň paýtagty Seuldaky Hankuk uniwersitetinin Türkologiýa bölüminiň ýolbaşçysy Jong Jin-ohyň Türkiýäniň hem Demirgazyk hem-de Günorta Koreýa bilen diplomatik gatnaşyklarynyň bardygyny belläp; “Ankara we Stambul Günorta-Demirgazyk Koreýa gepleşiklerine ýer eýeçiligini edip biler” diýen sözlerine ünsleri çekýär.

“Haber Türk” gazeti “Nemesler irki rezerwasiýalara uly isleg bildirýär” söz başyly habarynda, Nemes syýahat gulluklary bileleşiginiň görkezijilerine görä geçen ýyl bilen deňeşdirilende üstümizdäki ýylda Germaniýadan Türkiýä edilen rezerwasiýalaryň sany 58 göterime çenli artandygyny mälim edýär. Habarda nemesleriň esasan Antalýa isleg bildirýändigini aýdan Türkiýäniň Myhmanhanaçylar federasiýasynyň başlygy Osman Aýygyň 58 göterimlik artyşyn syýahatçylyk pudagyny umytlandyrýandygyna ünsleri çekendigini ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýe ekerançylyk önümçiliginde Ýewropa boýunça birinji” söz başyly habarynda, Oba we tokaý hojalygy ministri Bekir Pakdemirliniň Türkiýäniň ekerançylyk önümçiliginde Ýewropada birinji, dünýäde ýedinji orny eýeleýändigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Türk howaýyllary Stambul howa menzilinde 300 müň ýolagçy gatnatdy” söz başyly habarynda, Stambul howa menzilinde içerki we halkara ugurlarda günde jemi 23 gatnaw edýän Türk howaýollarynyň söwda gatnaşyklarynyň başlamagydan bäri jemi 302,215 ýolagçy gatnadandygyny mälim edýär.



Degişli Habarlar