Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tretibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1130566
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sta” gazeti “Prezident Erdogan: Gymmaty iňňän agyr düşer” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Türkiýäniň Biržalar we Birleşmeler Bileleşiginiň (TOBB) maslahatynda sözlän sözünde terrorçylyga garşy alynyp barylýan göreş barada durup geçip; “Biz Judide, Gabarda terrorçylara garşy göreşemizk. Ol biziň üçin ikinji orunda. Birinji orunda serhetaşa terrorizme we terrorçylara garnaşy göreşýäris. Elbetde bu göreş ýeňil däl, mundan beýlägem ýeňil bolmaz. Göreşimizi dowam etdireris. Kim bolsa bolsun, kiçijik hüjümde garşylygy agyr bolar” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “stambulda ýaşamak üçin 5 sebäpden biri” söz başyly habarynda, meşhur iş we ykdysadyýet gazeti “Faýneýşl Taýmsyň” 21-nji ýanwardaky sanynda “Stambulda ýaşamak üçin bäş sebäpden biri” söz başyly habary çap edilendigine ünsleri çekýär. Habarda Stambulyň döwrebap sungat merkezi bolmagynyň sebäpleriň başyny çekýän bolsa, sentýabr aýynda fransuz kurator, ýazyjy we alym Nikola Burriaudyň kurartorlyk etmeginde “Ýedinji materik” temasy bilen Türkiýeden we dünýäden köp sanly sungat ussadynyň gatnaşmagynda geçirilen 16-njy Stambul Bienalynyň 2019-njy ýylyň halkara sungat çäreleriniň iň bir üns çekijilerinden biri bolandygy mälim edilýär.

“Hürriýet” gazeti “Stambul howa menziline göçüljek gün yglan edildi” söz başyly habarynda, NOTAM atlandyrylan awiatorlary maglumatlandyryş notasy bilen Stambul howa menziline göçüljek wagt bilen meýilnamasynyň bütin dünýä aýan edilendigini ýazýar. Göçüş maksatnamasyna görä Stambul howa menziline geçiş tapgyry 2019-njy ýylyň 1-nji martynda sagat 03:00-da başlar we 3-nji martda tamamlanar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Antalýa 2019-njy ýyla hem syýahatçylyk rekordy bilen gadam basdy” söz başyly habarynda, Antalýa 2019-njy ýylyň ilkinji 20 gününde gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sanynyň ähli döwürleriň rekorduny goýup, 100 müňden geçendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Türk howa ýollaryndan Super bowl başlangyjy” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň esasy sport çärelerinden biri bolan Amerikanyň Milli futbol ligasynyň final oýunynyň 3-nji fewralda Antalýada janköýerlerine garaşýandygyny, şähere göni sapar edýan Türk howa ýollarynyň Super bowlda berjek reklamasy bilen ABŞ-daky tanymallygyny hasam ýaýbaňlandyrjakdygyny mälim edýär.  



Degişli Habarlar