Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1094947
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “MİLGEM-iň” we “Atak” dik uçarlarynyň eksportyndan soň Pakistana uly gyzyklanma” söz başyly habarynda, Türk goranyş senagatynyň şu ýyl “MİLGEM-iň” we “Atak” dik uçarlarynyň eksporty boýunça baglaşylan şertnamalardan soň Pakistanda geçirilejek Goranyş senagat sergisine ýokary derejede gatnaşjakdygyny ýazýar. Gazet üstümizdäki aýyň 27-30-y aralygynda Pakistanyň Karaçi şäherinde geçiriljek 10-njy Halkara Goranyş Sergisi we Okuw Seminary İDESAS-a dünýäniň köp sanly ýurdundan goranyş pudagynda iş alyp barýan firmalaryň wekilleriniň gatnaşjakdygyny mälim edýär.

“Sabah” gazeti “Howpsyzlyk güýçleri “sowutly” ulag goldawy” söz başyly habarynda, Goranyş senagaty guramasynyň howpsyzlyk güýçleriniň isleglerini kanagatlandyrmak üçin iş ýüzüne geçirýän taslamalarynyň çäginde “BMJ” tarapyndan öndürilen “Kirpi 2” ulaglarynyň birinji tapgyryny gowşurandygyny ýazýar. Gazet “Kirpi 2” ulaglarynyň personalyň, ýaraglaryň, ok-däriniň howpsyz hem-de gysga möhletde gatnadylmagy, manýorw güýçlerine netijeli we yzgiderli harby goldaw bermek, adaty harby operasiýanyň ýany bilen güýçli mine we elde ýasalan partlaýyjy howpy bolan terrorçylara garşy göreş, parahatçylyga goldaw hem-de serhetýakasynda personalyň gatnadylmagy üçin alynandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türk makarony 154 ýurda eksport edilýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Makaron Senagatçylary jemgyýetiniň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Abdulkadir Külahçyoglunyň Türkiýäniň 154 ýurda makaron eksport edýändigini nygtap; “Makaron eksportymyz 2016-njy ýylda 831000 tonna barabar bolan bolsa, geçen ýyl 1055000 tonna ýetdi. Şu ýyl bolsa 1,200,000 tonna ýetirmegi maksat edinýäris” diýen sözlerini çap edýär.

“Watan” gazeti “Türkiýede ilkinji gezek bellige alyndy” söz başyly habarynda, Antalýanyň Gazipaşa etrabynda üç ýyl ozal synag maksatly ekilen we gysga möhletde girdejili önüme öwrülen “aždar miwesiniň” bellige alynandygyny ýazýar. Habarda Türkiýäniň bellige alynan ilkinji tropiki miwesiniň alkogolsyz içgi, salat we miwe görnüşlerinde sarp edilýändigi nygtalýar.

“Star” gazeti “Termal syýahatçylygyň paýtagty Afýonkarahisara ýurduň içinden we daşyndan uly gyzyklanma bar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň termal syýahatçylyk merkezlerinden Afýonkarahisaryň esasanda gyş aýlarynda syýahatçylaryň ünsüni çekýandigini mälim edýär. Gazet baý mineral suwlary bilen tanalýan Afýonkarahisarda 42 gradus termal howuzlardan gyş-ýaz peýdalanyp bilinýändigini ýazýar.


Etiketkalar: #metbugat , #gazet , #ulag

Degişli Habarlar