Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1092162
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Kandilde we Metinada terror guramasyna agyr zarba uruldy” söz başyly habarynda, Türk ýaragly güýçleri tarapyndan Yragyň demirgazygndaky Kandil we Metina etraplaryna üstümizdäki aýyň 20-de guralan howa operasiýalarynyň netijesinde 5 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini ýazýar. Gazet Türk ýaragly güýçlerinden berilen beýannamada operasiýada ekstremist terror guramalasyna degişli ýarag pozisiýalarynyň, gaçybatalgalaryň we ok-däri ammarlarynyň hatardan çykarylandygynyň habar berilendigini mälim edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Akar we Şoýgu duşuşdy: Depginli hereket edilmeli” söz başly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akar bilen Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy Hakan Fidanyň Russiýa sapar guraýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda Akar bilen Fidanyň Russiýanyň Goranmak ministri Şoýgu hem-de beýleki ýolbaşçylar bilen duşuşandygy, Akaryň kärdeşi Şoýgu bilen geçiren duşuşygynda sebitleýin meseleleriň ýany bilen Soçide gol çekişilen ylalaşykdan soň İdlibdäki soňky şertleriň seljerilendigi nygtalýar. Gazet Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgunyň: “Siriýadaky şertler iki ýurduň hem ýokary depginde hereket etmegini talap edýär” diýen sözlerini çap edýär.

“Sabah” gazeti “Ministr Berat Albaýrak 22-nji Halkara İşewürler Maslahatynda möhüm beýannama berdi” söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Berat Albaýragyň 22-nji Halkara İşewürler Maslahatynda sözlän sözünde: “Oktýabr aýynda nagt ýetmezçiliginiň boljakdygyny birnäçe gezek beýan edipdik” diýip, “awgust we sentýabr aýlary gowy, indi oktýabrda ähli döwürleriň rekorduny goýjak görkezijiler çykyp biler” diýendigini ýazýar.

“Star” gazeti “Ýerli “anti-drona daşary ýurtlardan isleg bildirilýär” söz başyly habarynda, Antalýada ýerleşýän firmalardan biri tarapyndan türk inženerleriniň dizaýn edilen we Türk ýaragly güýçleri üçin öndürilen “anti-drona” daşary ýurtlardan isleg bildirilmäge başlanandygyna ünsleri çekýär. Habarda Milli Söweş Tehnologiýalarynyň Goranyş Ulgamlary firmasynyň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Weli Erçeligiň 2019-njy ýylda Ukraina, Wenezuella we Albaniýa eksport edilmäge başlanjakdygyny aýdandygy mälim edilýär.

“Hürriýet” gazeti “Halkara Emmi baýraklarynda türk seriallary ünsleri çekdi” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilen Halkara Emmi baýraklarynyň gowşurlyş dabarasynda gyzyl halyda türk produksiýalaryna we artitstlerine uly gyzyklanma görkezilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet şu ýyl 46-njysy geçirilýän we teleýaýlym pudagynda iň bir abraýly baýraklardan biri hasaplanylýan Halkara Emmi baýraklarynyň eýelerine gowşurylandygyna ünsleri çekýär.

 


Etiketkalar: #baýrak , #firma , #dünýä

Degişli Habarlar