Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1091371
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Erdoganyň we Putiniň sözleri güýçli goldaw tapdy” söz başyly habarynda, “Stambul” maslahatlar merkezinde “TürkAkym” taslamasynyň deňiziň aşagyndan geçýän bölüminiň tamamlanmagyna bagyşlanan dabaranyň Prezident R.T.Erdoganyň we Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň gatnaşmagynda geçirilendigini ýazýar. Gazet Erdoganyň we Putiniň dabarada eden çykyşlarynda türk-rus dostlugyna ünsi çekendiklerini, Erdoganyň: “2019-njy ýyly özara Medeniýet we syýahatçylyk ýyly hökmünde belläp geçeris” diýen bolsa, Putiniň “Erdogana eýe bolan syýasy ygtyýary we batyrgaýlygy üçin sagbolsun aýdýaryn. 2 ýurduň arasynda ynam bolmadyk bolsady, şeýle taslamany iş ýüzüne geçirmek mümkin bolmazdy” diýen sözlerini çap edýär.

“Star” gazeti “TürkAkymdan” ilkinji gaz 2019-njy ýylyň ahyrynda akydyrylmaga başlanar” söz başyly habarynda, “TürkAkym” taslama arkaly tebigy gazyň Russiýadan göni Türkiýä akdyryljakdygyny, 2019-njy ýylda akdyrylmaga başlanjak tebigy gazyň mukdarynyň ýylda 31,5 milliard m3-e barabar boljakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda akdyryljak 31,5 milliard m3 tebigy gazyň ýarysynyň Türkiýe tarapyndan sarp ediljekdigi, ýarysynyň bolsa Ýewropa ýurtlaryna akdyryljakdygy mälim edilýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Stambulda howa menzilinden 18 günde 19 müň ýolagçy uçdy” söz başyly habarynda, Stambul howa menzilinden 31-nji oktýabrda açylmagyndan soň 17-nji noýabr çenli 21,608 ýolagçynyň petek alandygyny, täze howa menzilinden jemi 165 saparyň amala aşyrylandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Dünýäniň beýiklik taýdan üçünji bendiniň gurluşygy tamamlanýar” söz başyly habarynda, Artwin welaýatynyň Ýusufeli etrabyda Çoruh derýasynyň ugrunda gurluşygy dowam edýän 275 metr belentligi bilen Türkiýäniň iň belent, dünýäniň 3-nji bendi boljak Ýusufeli bendiniň we Gidroelektrik bekediniň tamamlanyp barýandygyny mälim edýär. Gazet dolulygyna türk inženerleri tarapyndan gurulýan bendiň 2020-nji ýylda elektrik toguny öndürmäge başlajakdygyny ýazýar.


Etiketkalar: #dünýä , #beýiklik , #tok

Degişli Habarlar