Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1073776
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “TUSAŞ-yň “Atakly” Afrika başlangyjy” söz başyly habarynda, üstümizdäki aýyň 24-27-si aralygynda Marokkoda geçiriljek çarede T129 Atak dik uçarynyň uçuş görkezlişini geçirjekdigini ýazýar. Gazet Türk Awiasiýa we kosmos senagaty paýdarlar jemgyýetiniň Marokkoda geçiriljek “Marakeş Airşou” sergisine gatnaşjakdygyny mälim edýär.

“Watan” gazeti “THÝ 3-nji howa menziliniň uçuşlary üçin petek satuwyna başlady” söz başyly habarynda, Stambulyň täze howa menziliniň Türk howaýollarynyň internet sahypasyndaky uçuş nokatlarynyň hataryna goşulandygyny we onlaýn bilet satuwyna başlanandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Habarda täze howa menziliniň ulgamda “İSL” kody bilen berilýändigi, ilkinji uçuşyň1-nji noýabr penşenbe güni sagat 11:10-da Ankara ediljekdigi nygtalýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Ýapon suşisine türk tunesi” söz başyly habarynda, ýapon aşhanasynyň meşhur tagamlaryndan biri bolan suşide peýdalanmak üçin Egeý we Ortaýer deňziniň kenarlaryndaky fermer hojalyklarynda ýetişdirilýän tunes balyklarynyň eksportyndan ýylyň 9 aýynda 56,6 million dollar girdeji alynandygyny ýazýar. Pudagyň esasy bazarlaryndan biri bolan Ýaponiýa edilen eksportyň ýylyň 9 aýynda geçen ýylyň degişli döwrüne görä 18 göterim ýokarlady.

“Hürriýet” gazeti “Bursa injiri” 42 ýurtda agyzlary süýjetdi” söz başyly habarynda, Britan şalygynyň aşhanasyna çenli baryp ýeten, esasanda Ýewropa, Uzak Gündogar ýurtlarynda we Russiýada halanýan “Bursa injiriniň” 42 ýurda eksport edilendigini ýazýar. Gazet “Bursa injirine” Germaniýadan, Gollandiýadan, Britaniýadan, Fransiýadan we Russiýadan uly islegiň bildirilýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Adamlaryň mimikalary ýerli ulgamda analiz ediler” söz başyşly habarynda, Malatýa Tehnoparkda emeli zehin boýunça iş alyp barýan firmalardan biriniň adamlaryň duýgularyny ýüz mimikalaryndan şol bir wagtda analiz edýän ulgamy oýlap tapandygyna ünsleri çekýär. Habarda 100 müňe golaý ýüz mimikasyny bellige alan ulgamyň kameralar arkaly esasanda köp adamly toparlaryň ýüzleriniň hereketlerini bellikdäki mimikalar bilen deňeşdirip, ýüze çykan netijäni mobil ulgamlar bilen ulanyjylarynyň dykgatyna ýetirýändigi mälim edilýär.


Etiketkalar: #Watan , #gazet , #Star , #adam

Degişli Habarlar