Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1071116
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Prezident Erdogan möhüm beýanat berdi” söz başyly habarynda, Prezidenti R.T.Erdoganyň Moldowanyň döwlet Ýolbaşçysy İgor Dodonyň çakylygyna laýyklykda Kişinewe sapar bilen barandygyny nygtap, ol ýerde sözlän sözünde Ziraat banky bilen Halkban bankynyň Moldowada şahamça açjakdygyny aýdandygyny ýazýar. Gazet saparyň çäginde geçirilen duşuşyklarda özara gatnaşyklar, sebitleýin meseleler we FETÖ-niň başda durmagynda terrorçylyga garşy göreş barada pikir alyşylandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Daşary işler ministri Çawuşogly amerikaly kardeşi bilen duşuşdy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň sapar bilen Türkiýä gelen ABŞ-nyň döwlet Sekretary Maýk Pompeo bilen duşuşandygyny mälim edýär. Gazet Pompeo bilen geçiren duşuşygyndan soň žurnalistleriň soraglaryna jogap beren Çawuşoglynyň Prezident R.T.Erdoganyň Amerikaly ministre Manbij üçin “Siz kynçylyk çekýän bolsaňz biz terrorçylary saplarys” diýendigini aýdandygyny ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “THÝ Ankara-Rim saparlaryna 60 ýyl soň ýaňadandan başlar” söz başyly habarynda, İtaliýada ilkinji saparyny 1959-njy ýylda Ankara-Rim ugry boýunça amala aşyran Türk howaýollarynyň 60 ýyl soň iki ýurduň paýtagtlarynyň arasyndaky uçar gatnawyny ýaňadandan başlatjakdygyny nygtap, Ankara-Rim saparlarynyň hepdede 2 gün guraljakdygyny mälim edýär.

“Sabah” gazeti “Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda wiza meselesi boýunça gepleşikler dowam edýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Russiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hüseýin Diriöziň Rus-Türk İşewür adamlarynyň bileleşiginiň guramagynda Moskwada geçirilen çärede türk-rus gatnaşyklary barada çykyş edendigini ýazýar. Gazet ilçi Diriöziň Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegi üçin wiza erkinliginiň möhümdigine ünsi çekip; “İki taraply wiza erkinligi düzgüniniň ýaňadandan ýola goýulmagy üçin işleşýäris. Russiýa bilen wiza meselesi baradaky konsullyk geňeşmeleriniň nobatdakysy noýabr aýynyň başynda geçiriler” diýendigine ünsleri çekýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türk alymynyn baýrakly taslamasy rak keselinin bejerilmeginde umyt döretdi” söz başyly habarynda, İzmiriň Halkara Biolukmançylyk we Genom institutynyň ylmy barlag toparynyň ýolbaşçysy Dosent doktor Jan Küçügiň bar bolan şertlerde “agressiw” raga öwrülme howpy kesgitlenip bilinmeýän iki sany “alynky” hassalyk boýunça alyp barýan taslamasy bilen dünýäde 8 alyma berilen “Global ylmy barlag baýragyna” laýyk görülendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


Etiketkalar: #gazet , #Russiýa , #ilçi

Degişli Habarlar