Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1057779
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Erdogan: Germaniýanyň Fetullahçy terror guramasy FETÖ-ni terror guramasy hökmünde ykrar etmegini isleýäris” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň 3 gün dowam etjek Berlin saparynyň öňýanynda nemes metbugatyna ýazan makalasynda Germaniýanyň PKK we FETÖ garşy göreşi goldamagyna garaşýandyklaryny nygtap, Germaniýanyň FETÖ-ni terror guramasy hökmünde ykrar etmegini isleýändigini ýazandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Erdogan makalasynda: “ABŞ-nyň jogapkärçiliksiz syýasaty dünýäni biperwaý söwda söweşine tarap alyp barýar” diýip ýazdy.

“Watan” gazeti “ÝB Türkiýä İdlib boýunça sagbolsun aýtdy” söz başyly habarynda, BMG-niň 73-nji Sessiýasynyň çäginde geçirilen “ÝB-niň guramagyndaky Siriýa meselesine bagyşlanan maslahat” temaly mejlisi açan ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we Howpsyzlyk syýasatlary boýunça ýolbaşçysy Federika Mogerininiň Siriýanyň İdlib welaýatynda ylalaşygyň dowam etmegi barada Soçide gazanylan ylalaşygyň netjesinde gyrgynçylygyň öňüniň alynandygyny nygtap, Türkiýä we Russiýa sagbolsun aýdandygyny ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe halkara magdan firmasyny döreder” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministriniň orunbasray Mithat Jansyzyň daşary ýurtlarda magdan gözleg we dolandyryş işlerini alyp barmak üçin täze firmanyň dörediljekdigini beýan edendigini nygtaýar. Gazet global magdançylyk bazarynda berk pozisiýa eýelemegş we Türkiýäniň çig mal üpjünçiliginiň ýola goýmagy maksat edinýändiklerini aýdan Jansyzyň şol maksada laýyklykda daşary ýurtlarda iş alyp barjak firmanyň açylmagy boýunça işe girişilendigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Kadyköý dünýäniň hökmany suratda görülmeli etraplaryndan biri” söz başyly habarynda, iňlis syýahatçylyk žurnaly “Time Outyň” dünýäniň hökman geziläýmeli 50 etrabynyň sanawyny çap edendigini ýazýar. Gazet sanawda 15 müň adamyň gatnaşmagynda geçirilen sowalnamanyň netijesinde saýlanan etraplaryň hatarynda Stambulyň Aziýa böleginde, Mermer deňiziniň kenarynda ýerleşýän Kadyköýüň hem bardygyny mälim edýar.

“Hürriýet” gazeti “Dünýäniň iň gadymy binasy we buthanasy Türkiýede” söz başyly habarynda, Şanlyurfa welaýatynyň çäklerinde ýerleşýan we mundan 12 müň ýyl ozal gurlandygy çaklanylýan Göbeklidepäniň soňky aýlarda dünýäniň üns merkezine öwrülendigini, adamzadyň guran ilkinji buthanasynyň ýerleşýän meýdanyň taryhyň gaýtadan ýazylmagyna sebäp bolandygyna ünsleri çekýär. Gazet bilinýän iň gadymy ýaşaýyş ýerinin gurlan zolagy syýahatçylaryň gezip-görmegine açylandygyny, UNESKO-nyň Dünýäniň Miras sanawyna girizilendigini ýazýar.


Etiketkalar: #buthana , #gadymy , #UNESKO , #dünýä

Degişli Habarlar