Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1055372
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Ministrlik beýan etdi: Taýarlyklar tamamlandy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Paragwaýyň paýtagty Asunsionda ilçihana açmagy boýunça hukuky taýarlyklarynyň tamamlanandygyny we Armagan İnji Ersoýyň Türkiýäniň Paragwaýdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belenendigini ýazýar. Gazet bu barada BMG-niň 73-nji Sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorkda saparda bolýan Daşary işler ministri Mejwlüt Çawuşoglynyň paragwaýly kärdeşi bilen geçiren duşuşygynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi baradaky ygtyýar ýene-de bir gezek nygtalandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Hürkuş gowşurylmak üçin gün sanaýar” söz başyly habarynda, Harby howa güýçleriniň tälim beriş işlerini kanagatlandyrmak üçin “Türk Awiasiýa we kosmos senagaty” firmasy tarapyndan öndürilen “Hürkuş” uçarynyň ilkinjisiniň noýabr aýynda gowşurylmagynyň meýilleşdirilýandigini mälim edýär. Jemi 15 uçaryň 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda tamlanmagy göz öňünde tutulýar.

“Star” gazeti “Uly baýrak türk inženerlerine” söz başyly habarynda, türk inženerleri tarapyndan öndürilen “Ford Truskyň” täze modeli “F-MAX-yň” 2018 Gannower Halkara söwda ulaglary sergisinde iň uly baýrak bolan “Halkara ýylyň ýük ulagy baýragyna” laýyk görülendigini mälim edýär.

“Watan” gazeti “Täze destinasiýalar” söz başyly habarynda, türk syýahatçylyk pudagynda alternatiw destinasiýa gözleleriniň Täze ykdysady maksatnamada-da beýan tapandygyny ýazýar. Gazet şuňa laýyklykda Hytaý, Hindistan we Ýaponiýa ýaly Uzak Gündogar ýurtlary üçin täze taslamalaryň düzüljekdiginine ünsleri çekýär. Habarda maksada laýyklykda degişli ýurtlarda Türkiýäniň tanyşdyrlyşyna aýratyn üns beriljekdigini, Türkiýäniň Syýahat gulluklary bileleşiginiň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Firuz Baglykaýanyň Täze ykdysady maksatnama bilen syýahatçylara täze missiýanyň berilendigini we onuň hötdesinden gelmäge synanşjakdyklaryny aýdandyklary nygtalýar.

“Haber Türk” gazeti “Üç sany täze asuda şäher” söz başyly habarynda, Mugla welaýatynyň Köýjegiz, Bitlis welaýatynyň Ahlat we Erzinjan welaýatynyň Kemaliýe etraplarynyň “Asuda şäher” derejesine eýe boljakdygyny mälim edýär. habarda “Asuda şäher” Utgaşdyryjy geňeşiniň İtaliýanyň Torino şäherinde geçirilen mejlisinde “Asuda şäher” geňeşiniň başlygynyň orunbasary, “Asuda şäher” geňeşiniň Türkiýe boýunça utgaşdyryjy we Seferihisar etrap häkimi Tunç Soýeriň “Asuda şäher” ulgamynyň Türkiýe toruna degişli bolmak üçin ýüz tutan Köýjegiz, Ahlat we Kemaliýe etraplarynyň dalaşgärlik ýüztutmalarynyň geňeşe hödürlenendigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.


Etiketkalar: #dünýä , #Star , #baýrak

Degişli Habarlar