Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1041999
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Katarly 5 firma Türkiýede maýa goýmaga başlady” söz başyly habarynda Kataryň döwlet hökmünde Türkiýä 15 milliard dollarlyk maýa goýmak hakyndaky kararyndan soň katarly hususy firmalaryň hem maýa goýmak bilen Türkiýäni saýlap alandygyny ýazýar.

Katarly 5 firmanyň ilkinji etapda 300 million dollarlyk maýa goýmak üçin işe girişendigi nygtalýar.

Katar Holding, Essa, Nora Raşit Al Doosori, Al Sumeiti we Raşit Al Kubeýsi firmalarynyň maýa goýumlaryny gönükdirýän Roýal Lik firmasynyň baş müdüri Ahmet Hüseýin Ahmet Hasan, Katarda maýadarlar bilen gyzyklanjak ofis açylan halatynda katarly maýadarlaryň Türkiýä 50 milliard dollarlyk maýa goýup biljekdiklerini aýtdy.

“Ýeni Şafak” gazeti “Biržadaky awtomobil firmalarynyň girdejisi 25 göterim artdy” söz başyly habarynda Stambulyň gymmatly kagyzlar biržasyndaky 8 awtomobil firmasynyň üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda 6 aýlyk sap girdejisiniň, geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 25 göterim artyp 748,7 million türk lirasyna barabar bolandygyny habar berýär.

“Star” gazeti “Milli dikuçaryň uçjak wagty belli boldy” söz başyly habarynda Türkiýäniň ilkinji ýerli dikuçary T-625-iň ilkinji uçuşyny 6-njy sentýabrda amala aşyrjakdygyny ýazýar.

Dolulygyna ýerli mükinçilikler bilen öndürlen T-625 klimat şertlerine garamazdan gije-gündiz diýmezden uçar. Dikuçaryň ýük gatnawy, gözleg we halas ediş işleri we tiz kömek uçary ýaly birnäçe ugurda ulanylmagy meýilleşdirilýär.

“Sabah” gazeti “ Dünýäniň iň uly 7 ýöriş meýdanyndan biri Türkiýede” söz başyly habarynda Mugla welaýatynyň Fethiýe etrabyndan Antalýa tarap uzap gidýän 540 kilometrlik dünýäniň iň gowy 7 uzyn ýöriş meýdanyndan biri hökmünde kabul edilen Likýa ýolynyň myhmanlaryny deňsiz taýsyz gözelligi bilen taryhyň çuňluklaryna alyp gidýärndigini ýazýar.

Ölüdeňizden başlaýan taryhy ýol, tebigi gözellikleri bilen tanalýar. Fethiýe bilen Antalýanyň arasynda Ortaýer deňzine tarap gidýän Teke Ýarymadasy, taryhda Likýa ady bilen tanalýardy.  Ýarymadada kämahal dagyň depesinden, kämahal giň plýažlaryndan, kä mahal bolsa gadymy şäherlerden geçen ýoldajyklara Likýa ýoly diýilýär.

“Haber Türk” gazeti awgust aýynda Antalýa gelen syýahatçylaryň sanynyň rekord goýandygyny mälim edýär.

Awgust aýynda şähere gelen syýahatçylaryň sany 2 million 150 müň 448 adama ýetdi.

Ýanwar aýynyň 1-i bilen awgust aýynyň 30-na çenli şähere gelen syýahatçylaryň sany bolsa 9 million 62 müň adama ýetdi. 2018-nji ýylda şähere 14 million sýahatçynyň gelmegine garaşylýar.



Degişli Habarlar