Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1038159
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Prezidentiň Diwany “Ýeňiş hepdeligi” mynasybetli wideo rolik taýarlady” söz başyly habarynda, Malazgirt ýeňişiniň 947-nji ýyllygy mynasybetli Prezidenti Diwanynyň resmi Twitter hasabynda wideo rolik ýaýradandygyny ýazýar. Gazet Malazgirtde türkleriň Anadola gelişini ädimme-ädim beýan edýän wideo roligiň “Ýeňiş hepdeligi” mynasybetli ähli şehitlerimizi hormat we rehnet bilen hatyralaýarys, gahrymanlarymyza minnetdarlyk bildirsýäris” diýilýändigini mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti “Türk goranyş senagatyndan rekord” söz başyly habarynda, “ROKETSAN” tarapyndan Birleşen Arap Emirlikleri üçin öndürilen “Žobaria Köp gundakly atyş desgasynyň” çelek sany taýdan dünýäniň iň uly raketa topçysy” hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Dünýäniň iň bir güýçli 122 millimetr pulemýot raketa ulgamy hökmünde kabul edilýän ulgamyň 10 tekerli ýarym tirkegiň üssüne ornaşdyrylan 4 sany 122 millimetr raketa gundagly, bir gezekde 240 sany raketany 2 minudyň dowamynda nyşana atyp bilýändigini ýazýar.

“Watan” gazeti “Nemes ýolbaşçysynyň hojaýynlara we maýadarlara Türkiýe baradaky çagyryşy” söz başyly habarynda, “SunExpress howaýollarynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Ýens Biçofyň: “Maýadarlara meniň maslahatym maýa goýum kararlaryny stoluň başynda geçirilen barlaglara görä kabul etmesinler. Bäri, Türkiýä geliň, ýurdy, daşky gurşawy, infrastrukturany görüň” diýen sözlerini çap edýär. Habarda Biçofyň; “Esasanda ýewropaly syýahatçylaryň gözi bilen seredenimizde ýaňadandan güçli görünýär. Geçen ýyl Türkiýede syýahatçylyk merkezlerine we Anadola jemi 8,8 millin ýolagçy gatnatdyk. Ýolagçy gatnatma mümkinçiligimiz 84 göterime çenli ýetdi we 1,15 milliard ýewro girdeji bilen rekord göýdük” diýen sözlerine üns çekilýär.

“Star” gazeti “Türkiýede nebit känleri indi ýokardan anyklanyp bilinýär” söz başyly habarynda, Afrikanyň başda durmagynda dünýäniň köp sanly ýurdunda ulanylýan howadan seismik barlaglaryň ilkinji tejribesiniň Türkiýede iş ýüzüne geçirilendigini ýazýar. Habarda “Türkiýe Nebitleri Paýdarlar Jemgyýetiniň” gündogar we günorta gündogar welaýatlarynda seismik barlaglary howadan geçirmäge başlandygy mälim edilýär.

“Sabah” gazeti “Mugla Dünýäniň ralli çempionatyna taýar” söz başyly habarynda, 2018-nji ýyldaky Bütindünýä ralli çempionatynyň 10-njy bäsleşigi bolan Türkiýe rallisinin sentýabr aýynyň 11-16-sy aralygynda Mugla welaýatynyň Marmaris etrabynda geçiriljekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýäer. Gazet 896 kilometr uzynlygyndaky aýlawda jemi uzynlygy 317 kilometre barabar bolan 17 sany gapgyrdan geçjek sürüjileriň millionlarça janköýere tolgundyryjy pursatlary başdan geçirtjekdigini ýazýar.


Etiketkalar: #metbugat , #gündelik , #syn

Degişli Habarlar