Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1017296
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Albaýrak: “Taryhy maslahat boldy” söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Berat Albaýragyň G20-niň Argentinada guralan maslahatynyň iňňän netijeli geçendigini nygtap: “Biziň üçin hakykatdan hem global söwdanyň agyr synaglardan geçýän döwründe we Türkiýe taýdan täze döwrüň başlangyjy bolmagy taýdan ýokary derejeli ykdysady diplomatiýany özünde jemlän taryhy we netijeli maslahat boldy” diýen sözlerini okykjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Türkiýäni F-35 bilen jezalandyrman” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Goranmak ministri Jeýms Mattisiň Kongrese Türkiýäniň Russiýadan raketa goranyş ulgamyny satyn almak baradaky meýilnamasy sebäpli F-35 uçarlarynyň önümçiligi hem-de satuwy baradaky maksatnamadan çykaryp, jezalandyrylmaly däldigi barada duýduryş berendigini ýazýar.

“Star” gazeti “Orta we uzak möhletli “milli tehnologiýa” syýasatlary düzüler” söz başyly habarynda, Goranyş senagaty bilen üstünlik gazanylan tehnologik ösüşiň “milli tehnlogiýa” bilen orta we uzak möhletli maksatnamalara görä meýilleşdiriljekdigini mälim edýär. Habarda täze döwürde Türkiýäniň maksadynyň ýokary tehnologiýa bilen global we abraýly markalary öndürip, emeli zehinde öňbaşçy, ýokary amatlykly tehnlogiýalardan lider, maglumat öndürmekde merkezi ýurtlardan biri bolmakdan ybaratdygy okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “”Nemes syýahatçylarynyň Türkiýä bolan gyzyklanmasy artdy” söz başyly habarynda, Nemes syýahat gulluklary bileleşiginiň başlygy Norbert Fiebegiň “Frankfurter Allgemenine” gazetine beren beýanatynda, nemes syýahatçylyk gulluklarynyň söwda şertleriniň gowudygyny nygtap, esasanda Türkiýä, grek adalaryna, Bolgariýa we Müsüre bolan islegiň ýokarlandygyna ünsi çekendigi nygtalýar.

“Hürriýet” gazeti “Milli okçy Mete Gazoz altyn medala laýyk boldy” söz başyly habarynda, Germaniýanyň paýtagty Berlinde geçirilen 4-nji Bütindünýä okçulyk kubogynyň bäsleşiklerinde türk milli türgeni Mete Gazozyň altyn medala laýyk görülendigini mälim edýär.


Etiketkalar: #Sabah , #gazet , #Star , #Watan

Degişli Habarlar