Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1015466
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: “Adatdan daşary ýagdaý bes edildi” söz başyly habarynda, Fetullahçy terror guramasynyň (FETÖ) 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanyşygyndan soň, 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda yglan edilen we möhledi her 3 aýdan jemi 7 gezek uzaldylan Adatdan daşary ýagdaýyň şu gün gije sagat 01:00-dan başlap bes edilendigini habar berýär. Habarda Adatdan daşary ýagdaý etabynda diňe FETÖ garşy däl, eýsem PKK, DAIŞ ýaly beýleki terror guramalaryna garşy has täsirli göreşiň alynyp barylandygy ýazylýar.

Star gazedi: “Energetikada täze döwürde ilki bilen 3 zada ähmiýet beriler” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmeziň: “Täze döwürde ilki bilen ähmiýet berjegimiz 3 ugrumyz bar. Bular maliýe dowamlylyk, syýasy dowamlylyk we gatnaşyk” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Sabah gazedi: “Türkiýe tebigy gaz energetika biržasyny döreder” söz başyly habarynda, Energetika pudagynda oýun düzýän pozisiýasyna ýokarlan Türkiýäniň tebigy gaz energetika biržasyny gurmak bilen bagly işlerini tamamlandygyny beýan edýär. Gazet bu göçüm bilen söwda merkezi boljak Türkiýäniň baha kesmek babatynda hem täsirli bir pozisiýa eýelejekdigini belleýär.

Star gazedi: “E-söwda ägirdiniň Türkiýe bilen bagly beýanaty” söz başyly habarynda, Türkiýäniň e-söwda kärhanasy Trendýol-y satyn alan Hytaýyň onlaýn we ykjam söwda kärhanasy Alibaba.com-yň başlygy Mişel Ewansyň Türkiýä maýa goýumlaryny dowam etdirjeklerini aýdandygyny mälim edýär.

Hürriýet gazedi: “Munzuryň gyzlary Italiýanyň suwlarynda” söz başyly habarynda, Tunjelini dünýä tanatmak, spordyň rafting görnüşini ösdürmek üçin şu ýylyň fewral aýynda ýörite toparyň döredilendigini nygtaýar. Gazet rafting toparynyň Italiýada 20-25-nji iýul aralygynda geçiriljek Bütindünýä Rafting çempionatynda Türkiýä wekilçilik etmek üçin milli ýygynda saýlanandygyny habar berýär.


Etiketkalar: #energetika , #Star , #gazet

Degişli Habarlar