Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1013280
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: “Pensilwaniýadaky näletliň ulaldan osminogyň gollaryny kesdik” söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň 15-nji iýul Şehitler köprüsinde: “Pensilwaniýadaky näletliň ulaldan osminogynyň gollaryny kesdik, bu şolar ýaly bilinsin. Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamynyň soňky agzasyny hasap berýänçä çenli göreşimizi dowam etdireris” diýip aýdandygyny belleýär.

Sabah gazedi: “Uçarmansyz harby uçar 2023-nji ýylda göklerde bolar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň uçarmansyz harby uçary üçin ilkinji ädimiň edilendigini habar berýär. Gazet Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň inwentarynda bolan, dünýäniň iň gowusy hökmünde kabul edilen uçarmansyz howa ulaglarynyň 2023-nji ýylda uçmaga başlajakdygyny nygtaýar.

Star gazedi: “Ösüş çaltlandy, maýa goýumlar durmady” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ykdysadyýetiniň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanyşygyna garamazdan, 2 ýylda çalt depginler bilen öňki katdyna gelip, dünýä öz güýjüni görkezendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Türkiýäniň ösüş derejesi bilen hem dünýäni haýran galdyrandygyny, hem-de galkynyş ýolunda ägirt uly taslamalary durmuşa geçirendigini beýan edýär.

Haber Türk gazedi: “Ähli wagtlaryň rekordy goýuldy” söz başyly habarynda, Antalýa welaýatyna şu ýylyň başyndan bäri 14-nji iýula çenli gelen syýahatçylaryň sanynyň 5 million 832 müň 894-e ýetendigini mälim edýär.

Watan gazedi: “Kyrkpynarda baş pälwan belli boldy” söz başyly habarynda, Edirnede şu ýyl 657-nji gezek geçiruilen Taryhy Kyrkpynar ýagly göreşlerinde finalda garşydaşy Şaban Ýylmazdan üstün çykan Orhan Okulyň Baş pälwan bolandygyny habar berýär.


Etiketkalar: #dünýä , #Watan , #göreş

Degişli Habarlar